Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik serhetçisi ýaragly neşe gaçakçylary bilen çaknyşykda wepat boldy


Täjik-owgan serhedi
Täjik-owgan serhedi

Täjik serhetçisi araçägi böwsüp, Owganystandan ýurt içine girmäge synanyşan ýaragly topar bilen çaknyşykda wepat boldy. Serhetden geçjek bolanlar neşe gaçakçylarydyr öýdülýär.

Täjigistanyň häkimiýetleri 3-nji dekabrda Duşenbäniň 220 kilometr günorta-gündogarynda bolan hadysada serhet goragçylarynyň dört sanysynyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Täjigistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň beýanatynda serhetçileriň “owgan neşe gaçakçylarynyň toparyny” saklamaga synanyşandygy aýdylýar.

"Serhet goragçylarynyň bölüm komandiri, polkownik Haýruddin Ahmatow atyşykda gahrymanlarça wepat boldy. Dört esger ýaralandy” diýip, beýanatda aýdylýar.

Serhet goragçylary 33 kilogram neşe maddasyny ele saldylar.

Täjigistanyň dünýäni iň uly neşe öndürijisi bolan Owganystan bilen aralykda 1,344-kilometr umumy araçägi bar.

Täjik serhedinde owgan neşe gaçakçylary bilen bolýan çaknyşyklar adaty zat, olar täjik raýatlaryny ogurlap, soň olary tussag edilen owgan neşe gaçakçylary bilen çalyşýarlar.

XS
SM
MD
LG