Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň, Günorta Koreýanyň harbylary bilelikde harby türgenleşige başladylar


Birleşen Ştatlar bilen Günorta Koreýanyň harbylary bilelikde geçirilýän iň uly harby türgenleşige başladylar. Bäş gün dowam etjek bu türgenleşige 230-den agdyk uruş uçary gatnaşýar.

Demirgazyk Koreýa türgenleşigi “bütinleý prowokasiýa” diýip atlandyryp, onuň “islendik salymda” ýadro konfliktine getirmegi mümkin diýdi.

“Birleşen Ştatlaryň we Günorta Koreýanyň oýnatgy uruşparazlary [Demirgazyk Koreýa] gönükdirilen harby maşklarynyň özlerini dargatmak ýaly samsyklykdygyny bilmelidirler” diýip, Demirgazyk Koreýanyň “Rodong” gazeti ýazdy.

Ýurduň döwlet habar gullugy “KCNA” hem daşary işler ministrliginiň metbugat wekiline salgylanyp, Waşington “Koreýa ýarym adasynda aşa howply ýadro humaryny ýola goýmak bilen ýadro urşuna başlaýar” diýdi.

ABŞ-yň Günorta Koreýada ýerleşýän howa güýçleriniň sözçüsiniň aýtmagyna görä, 4-nji dekabrdan 8-nji dekabra çenli dowam etjek häzirki ýyllyk türgenleşik alty sany F-22 we alty sany hem F-35 harby uçarlaryny öz içine alar.

Maşkda Amerikanyň 12 müňden ybarat harby we beýleki işgärleri Günorta Koreýanyň ýaragly güýlerine goşularlar.

Birleşen Ştatlaryň harbylary bilelikde geçirilýän türgenleşik Koreýa ýarym adasynda parahatçylyk we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça barýan tagallalarda taýýarlyk we operasiýa başarnygyny güýçlendirer diýýärler.

Demirgazyk Koreýa 28-nji noýabrda bir ballistik raketany atmak bilen Birleşen Ştatlar we onuň regiondaky ýaranlarynyň arasynda alada döretdi.

Pentagon atylan raketanyň, deslapky çaklamalara görä, kontinentara raketadygyny aýtdy. Beýle bolan halatynda bu Birleşen Milletler Guramasynyň kararnamalaryny bozmak bolýar.

ABŞ Demirgazyk Koreýanyň agressiýasyny gowşatmak üçin, Günorta Koreýada 28 müň çemesi esger saklaýar.

Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň täsirli senatorlarynyň biri Phenýan bilen bolan dartgynlygyň artmagy sebäpli amerikan harbylary Günorta Koreýadaky bazalarda bolýan maşgala agzalaryny çykarmaly diýýär.

Birleşen Ştatlaryň senatory Lindseý Graham
Birleşen Ştatlaryň senatory Lindseý Graham

Senator Lindseý Graham 3-nji dekabrda “CBS” telekanalynda eden çykyşnda “Demirgazyk Koreýanyň prowokasiýasyny nazara alanyňda aýal we çagalary Günorta Koreýa ibermek akyldan azaşmaklyk” diýdi.

“Günorta Koreýa ýeke gidilýän bir ýer bolmaly. Şol sebäpden men [harbylaryň] maşgala agzalarynyň ol ýere iberilmeginiň bes edilmegini isleýärin. Meniň pikirimçe, amerikan maşgalalaryny Günorta Koreýadan göçürmegiň wagty geldi” diýip, senatyň ýaragly gulluklar komitetiniň agzasy bolan Graham aýtdy.

Ol Tramp administrasiýasynyň Birleşen Ştatlar bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky dawa-jenjeli düzetmegi başarjakdygyna özüniň ynandygyny belledi.

Graham: “Milli howpsuzlyk boýunça onuň iň gowy adamlary bar. Men Waşingtonda bolalym bäri bulardan gowy topary göremok” diýdi.

Senator 1995-nji ýyldan bäri Kongresde iş alyp barýar.

Graham şeýle-de Birleşen Ştatlar Demirgazyk Koreýanyň raketa we ýadro ýaraglary babatda geçirýän synaglary bilen howpuň öňüni almaga gönükdirilen urşa gitdigiçe ýakynlaşýar diýdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG