Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainanyň kanun goraýjylary Mihail Saakaşwilini Kiýewde tussag etdiler


Ukrainanyň kanun goraýjylary Mihail Saakaşwiliniň Kiýewdäki jaýyna baryp, ony tussag etdiler, Kiýew, 5-nji dekabr, 2017

Ukrainanyň kanun goraýjylary Odessa regionynyň öňki gubernatory we prezident Petro Poroşenkonyň garşydaşy Mihail Saakaşwiliniň Kiýewdäki jaýyna baryp, ony tussag etdiler. Munuň sebäpleri mälim edilmedi.

Bu ýagdaýyň dowamynda Saakaşwili jaýyň depesinde göründi we ýumrugyny galgatdy. Onuň tussaglygy tarapdarlarynyň we kanun goraýjylaryň arasynda çaknyşyk döretdi.

Güýç edaralaryň wekilleri Saakaşwilini tutup, ulaga salanda Gürjüstanyň öňki prezidentiniň tarapdarlary muňa päsgel bermek üçin ýere süýnüp, ulaga päsgel bermäge synanyşdylar.

Bu ýagdaý barada ilkinji habar ýerli wagt bilen ir sagat ýedide Saakaşwiliniň ýarany Dawid Sakwarelidze tarapyndan köpçülige mälim edildi.

“Olar Mihail Saakaşwiliniň öýüniň gapysyny döwdüler!” diýip Sakwarelidze Facebookda ýazdy. Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy Saakaşwiliniň öýüniň barlanmagynyň Baş prokuraturanyň görkezmesi boýunça geçirilýän jenaýat derňewleriniň çäginde amala aşyrylandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG