Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Un hem arpa-bugdaý iýmleriniň gytçylygy dowam edýär


Türkmenistandaky söwda dükanlarynyň biri. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda soňky bir aýdan bäri unuň we arpa-bugdaýdan önýän mal iýmleriniň gytalýandygy barada maglumatlar bar.

Bu gytçylyk has hem Maryda ýiti duýulýar diýip, welaýatyň ýaşaýjylary aýdýarlar. Ahal welaýatynyň hem käbir etraplarynda, esasan hem Gökdepe etrabynda unuň gytalýandygyny bu etrabyň ýaşaýjylaryndan eşitse bolýar.

Unuň gytalmagy bilen onuň bahasynyň hem ýokarlanýandygy aýdylýar. Ozal 50 kilogramlyk bir halta uny 45 manada satyn alýan bolsalar, häzir 1-nji sortly unuň bahasy 50-60 manada çenli ýokarlandy. “Şol bahadanam bolsa haltalap uny tapmak hem ýaşaýjylara başardyp duranok” diýip, adynyň tutulmazlygyny soran Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda döwlete degişli dükanlarda her ele 5 kilogramdan un satylýar. “Ýaşaýjylar ir ertirden nobata durup, una garaşýarlar. Uny haltalap almak asla mümkin däl. Her ele berilýän 5 kilo unuň hem haýsy sortdugy belli däl. Bir zat alyp bilsek razy bolup, berlenini alyp gaýdýarys” diýip, Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylar aýdýarlar.

Unuň gytalmagy bilen Mary welaýatynyň ähli etraplaryndaky çörek dükanlarynda çöregiň hem gytalýandygy aýdylýar. “Her ele iki buhankadan berilýän çöregi almak üçin, maşgalamyzdan birnäçe adam bolup, çörek dükanyna barmaly bolýar. Bir ele ondan artykmaç çörek berilmeýär” diýip, bu çäklendirmäniň uly maşgalalarda juda kynçylyk döredýändigi aýdýarlar.

“Un gytçylygy bilen bir wagtda kepek hem gytaldy. Indi mal bakýan ýaşaýjylar iýmsiz kösenýärler. Iým gytçylygy hojalykda bar bolan mallarymyzy satmagymyza getirdi” diýip, Mary welaýatyndaky Türkmengala etrap galla önümleri kärhanasynyň we Ýolöten şäherindäki kepek dükanynyň indi birnäçe gün bäri ýapyk durandygyny bir ýaşaýjy aýdýar.

Ýaşaýjylar un hem-de iým gytçylygnyň sebäplerini resmilerden soranlarynda: “Barlag bar, şol sebäpli un hem-de iým wagtlaýyn satuwa çykarylmaýar” diýip, jogap berýändiklerini aýdýarlar.

Emma unuň hem, iýmiň hem gytalmagyny şu 2017-nji ýylda daýhanlaryň gereginçe galla hasylyny alyp bilmändikleri bilen baglanyşdyryp, bu gytçylygyň has çökderleşmeginden howatyr edýändiklerini aýdýan ýaşaýjylar hem bar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG