Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň prezidenti Gresiýa taryhy saparyny edýär


ürkiýäniň prezidenti Rejep Taýyr Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 7-nji dekabrda Gresiýa taryhy saparyna başlady. Türkiýäniň döwlet baştutanynyň soňky 65 ýylyň dowamynda Gresiýa edýän ilkinji sapary NATO guramasynyň iki sany çylşyrymly agzasynyň arasyndaky gatnaşyklar barada aladalanmalaryň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Erdoganyň Gresiýa barmagynyň öňüsyrasynda grek hökümetiniň metbugat-wekili Dimitris Tzanakopoulos Erdoganyň saparynyň “ägirt uly ähmiýetiniň we wajyplygynyň” bardygyny aýtdy we Afinleriň “örän konstruktiw kararlara” garaşýandygyny aýtdy.

Emma Tzanakopoulos Gresiýanyň hökümetiniň territorial dawalaryň gaýtadan tutaşmagyna aladalanýandygyny we munuň Erdoganyň Türkiýäniň howa giňişligine gözegçiligi pugtalandyrmak, Egeý deňzinde araçäkleri kesgitlemek boýunça görkezmeleri bilen baglydygyny aýtdy.

Ankarada Erdoganyň metbugat wekili Ibrahim Kalin Türkiýäniň bu saparyň gatnaşyklary “ösdürmegine we çuňlaşdyrjagyna” garaşýandygyny aýtdy. Ol iki ýurduň migrasiýa bilen bagly “meseläni çözmek jogapkärçiligini çekmekde egindeşdigini” belledi.

XS
SM
MD
LG