Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halal etiň dünýädäki esasy eksportçysy hristian ýurt ekeni


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Musulman kadalaryna görä soýlan malyň etiniň dünýädäki iň uly eksportçysy Braziýadyr.

2015-nji ýylda Braziliýanyň eksport eden etiniň dörtden bir bölegi musulman ýurtlaryna, ýagny Demirgazyk Afrika we Ýakyn Gündogar döwletlerine iberilipdir. Ol etiň gymmady 1,4 milliard dollara barabardyr.

Braziliýada halal ete şahadatnama berýän 3 sany gurama bar. Olaryň iň ulusy "Fambras", ýagny Braziliýanyň musulman birleşikleriniň federasiýasydyr. 1979-njy ýylda döredilen ol gurama tutuş ýurt boýunça 48 sany musulman topar bilen metjide wekilçilik edýär. "Fambras" bilen iş hyzmatdaşlygyny alyp barýan Braziliýanyň halal et merkezinde bolsa 680 adam işleýär. Olaryň 500 sanysy bolsa ýurduň dürli sebitlerindäki gassaphanalarynda işleýänlerdir.

Häzirki döwürde Braziliýada 300-e golaý halal şahadatnamaly firma bar. Olaryň köpüsi sygyr, goýun we towuk etini öndürýän kärhanalardyr. Ýöne ýurtda şol bir wagtyň özünde halal kosmetika, derman öndürýän şereketleriň hem sany barha artýar. Şonuň üçin hem häzir Braziliýa Pars aýlagyndaky ýurtlara derman eksport edip biljek ýagdaýa eýedir.

Bu ýagdaýyň iň täsin tarapy bolsa, Braziliýanyň özünde halal et tapmagyň kynlygydyr. Esasan-da San Paolo we Rio de Janeýro ýaly uly şäherden başga ýerlerde bu ýagdaý has kyndyr.

Braziliýanyň 200 million ilatynyň juda az bölegi ýagny 1,5 milliony musulmandyr. Olaryň aglaba köpçüligi bolsa Siriýadan, Müsürden we Palestinadan.

Halal etiň esasy eksportçylarynyň hatarynda Braziliýadan soň Awstraliýa, Hindistan, Fransiýa we Hytaý durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG