Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze hasabatda ‘MH17’ reýsli uçaryň urlup ýykylmagynda orsýetli generalyň ‘eli bar’ diýilýär


Orsýetli general-maýor Nikolaý Tkaçýow (Çepden birinji). 2007 ý.
Orsýetli general-maýor Nikolaý Tkaçýow (Çepden birinji). 2007 ý.

Abraýly halkara derňew topary 2014-nji ýylda gündogar Ukrainada ýolagçy uçarynyň urlup ýykylmagynda ýokary derejeli rus generalyň “eliniň bardygyny” anyklandygyny aýdýar.

Jemgyýetçilige açyk ses we wideo ýazgylaryny analizlemekde çylşyrymly digital metodlary ulanýan “The Bellingcat” atly derňew topary 8-nji dekabrda ýaýradan raportynda, özleriniň ele geçiren ses ýazgylarynda “Delfin” lakamyny ulanan adamyň hormatly dynç alyşdaky orsýetli general-maýor Nikolaý Tkaçýowdygyny anyklandygyny öňe sürdi. Tkaçýow häzirki wagtda Orsýetiň Merkezi harby okrugynda baş sülçi bolup işleýär.

Malaziýa howaýollaryna degişli “MH17” reýs belgili uçaryň gündogar Ukrainada urlup ýykylmagy boýunça iş alyp barýan we üstüni açan maglumatlaryny 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda çap eden golland ýolbaşçylygyndaky Bilelikdäki derňew topary (JIT) mundan ozal “Delfin” we “Orion” lakamly adamlaryň arasynda bolup geçen bäş sany telefon söhbetdeşligiň ses ýazgysyny ýaýradypdy.

Agzalýan şahslaryň uçaryň urlup ýykylmagynda nähili rol oýnandygy nämälimliginde galýan hem bolsa, JIT olar barada goşmaça maglumat gözleýär.

“MH17” reýsli uçar 2014-nji ýylyň 17-nji iýul güni Ukrainanyň Donetsk regionynda partladylypdy we uçaryň içindäki 298 adam heläk bolupdy. Bilelikdäki derňew topary, ýagny JIT ýolagçy uçary Russiýada öndürilen “Buk” raketa sistemasy bilen partladyldy diýen netijä geldi. Agzalýan raketa sistemasy Ukraina Russiýadan getirilipdir we heläkçiligiň yzýany gizlinlikde yzyna, Orsýete geçirilpdir.

Rus hökümeti we seperatistler özlerine ýöňkelýän aýyplamalary ret edýärler we bu tragediýa barada başgaça teoriýalary öňe sürüp gelýärler. 2015-nji ýylyň iýul aýynda Orsýet BMG-niň güman edilýänleri jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin halkara tribunal döretmek boýunça rezolýusiýasyny weto etdi.

Ukrain güýçlerine garşy söweşýän seperatistleri harby, ykdysady we syýasy taýdan Moskwanyň goldaýandygyny görkezýän degerli subutnamalara garamazdan, Orsýet özüniň Ukrainanyň içerki işlerine gatyşygyny ret edýär. Gürrüňi edilýän uruşda 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 10 müňden gowrak adam wepat boldy.

“The Bellingcat” toparynyň garaşsyz rus websaýty “The Insider” bilen bilelikde alyp baran derňewinde ele geçirilen telefon söhbetdeşlikleriniň ses ýazgylaryny Tkaçýow bilen hamana interwiýu alynýan ýaly ýazgy edilen beýleki bir ses ýazgysy bilen deňeşdirmek üçin, iki sany garaşsyz edaradan kömek soralypdyr. Ele geçirilen ses ýazgylarda “Delfin” lakamly adama Tkaçýowyň at familiýasy bilen ýüzlenilýär.

Biri Birleşen Ştatlarda, beýlekisi Litwada ýerleşýän kömekçi edaralaryň ikisi hem iki dürli ses ýazgylaryň ikisinde-de şol bir adamyň gepleýän bolmagynyň “gaty ahmaldygyny” birek-birekden garaşsyz anykladylar.

Gündogar Ukrainada MH17 reýsli ýolagçy uçarynyň partladylmagynda “Delfiniň” nähili rol oýnandygy nämälimliginde galýar. Ozalky seperatist komandir, Strelkow lakalmy, Igor Girkin bilen geçirilen interwiýudan mälim bolşuna görä, “Delfin” Ukrainanyň Krasnodon şäherinde ýerleşen ýokary derejeli rus komandiri ekeni.

Delfin Ukrainanyň Dontesk we Lugansk regionlarynda seperatistleriň biri-birinden tapawutly söweşiji birikmelerini guramalaşdyrmakdan jogapkärdi diýip, Girkin aýtdy.

Bilelikdäki derňew toparynyň 2016-njy ýylda ýaýradan maglumatlarynda MH17-ni partladan “Buk” howa hüjümlerinden goranyş ulgamynyň Ukraina Krasnodonyň üsti bilen getirilendigi aýdylýar. Girkin 2014-nji ýylyň iýul aýynyň ortalarynda, takmynan “MH17” heläkçiliginiň bolan wagtynyň gabadynda, Krasnodon şäherinde özüniň “Delfin” bilen duşuşandygyny aýtdy .

“Bellingcat” bilen “Insider-iň” geçiren derňewleriniň hasabaty bilen bagly maglumat üçin Girkin bilen habarlaşylanda, ol 2014-nji ýylyň iýul aýynda Krasnodonda bir bazanyň döredilendigini, ol ýerde “hormatly dynç alyşdaky tejribeli, ýokary derejeli [rus] generallaryň bolandygyny” tassyklady. Girkin “Delfiniň” “haýsydyr bir generaldygyny” we onuň indi Ukrainadaky konflikte goşulyşmaýandygyny belledi.

Tkaçýow “Bellingcat” we “Insider” toparlaryna özüniň 2014-nji ýylda Ukrainda bolmandygyny we 2012-nji ýyldan bäri Ýekaterinburg şäheriniň daşyna çykmandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG