Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Öñkülerden tas 4 essä golaý arzan işlemeli bolýarys"


Aşgabatlylar. Arhiw suraty

men Aşgabada gurluşykda wagtlaýyn işlemäge gaýtdym. işe tölenýän hak gaty az. işsiz bolansoñ bi alaç işlemeli bolýar.

indi öñküler ýaly abed berýän hem aýlygy gowy firmalar hem ýok. ulurak täzelik täze ýyla geçip bolarna garaşýarys. belkem gowlanar diýip umyt edýäris.

radio- telewizor ýok bir yza galak pes şertlerde işlemeli bolýar. telewizora seretmänime 2 hepde boldy.

gazanjymyz az bolansoñ, kreýine jaý alyp ýagny kwartira pul tölemäge hem pul azlyk edensoñ, işleýän ýerimizde ýagny doly gurulyp bitmedik jaýlarda emeli usulda tok bilen ýyladylýan spiral ulanyp oñmaly bolýas...

banýa hem ýuwunyp bolmaýar. howa sowuk. iki hepdeden zat şäheriñ banýalarynyñ birine baryp ýuwunmagy planlaşdyryp işleýäs oñýas.

iş tapmak kyn bolansoñ öñkilerden tas 4 essä golaý arzan işlemeli bolýas. hat-da gazanjymyzyk öz iýjek naharymyza hem ýetmeýän wagtlary hem bolýar. sebäbi harytlaryñ bahasy öñkilerinden gymmatlasa gymmatlaýar. ýöne arzanlanak.

Aşgabada gaýdyşyn ýagynly howa bolansoñ ýoluñ suw üýşen çukurlaryna duýdansyz urup köp maşynlar ýolda galmaly boldular.

iki zapaska tekerini hep çapdyryp çalyşmaga teker tapman el galdyryp biziñ ulagymyzy hem birnäçe gezek saklap zapas teker bermegimizi haýyşt edip soradylar.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Men munuň bilen, AÝ/AR-na teswirime gelen jogaby maňa ugratmagy üçin meniň e-mail adresimi ulanmagyna razylyk berýärin

XS
SM
MD
LG