Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenleriň küştdepdisi ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi


Owganly türkmenler küşt depýär. Arhiw suraty

Türkmenleriň küştdepdisi ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Wekilçilikli sanawyna girizildi.

TDH döwlet habar gullugy bu kararyň 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisinde kabul edilendigini habar berýär.

“Küştdepdi halk döredijiliginiň köpöwüşginli nusgasy bolmak bilen, milletiň taryhy-medeni däp-dessurlaryny we ruhy tejribesiniň sazlaşygyny şöhlelendirýär” - diýip, TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.

Mundan ozal “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Nusaý” ýaly taryhy-medeni ýadygärlikler, “Görogly” dessany hem ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG