Yragyň Ýaragly güýçleri Bagdatda premýer-ministr Haýdar al-Abadiniň “Yslam döwleti” ekstremist toparyndan üstün çykylandygyny yglan etmegi netijesinde harby paraddan geçdiler.
10-njy dekabrda paýtagt Bagdadyň merkezinde guralan parada Abadi we howpsuzlyk güýçleriniň uly derejeli komandirleri gatnaşdy, asmanda bolsa söweş uçarlary öwrüm etdi.
Premýer-ministr 9-njy dekabrda Yragyň üç ýyla çeken kampaniýadan soň YD jeňçilerinden “doly azat edilendigini”, yrak goşunlarynyň indi yrak-siriýa serhedine doly kontrollyk edýändigini yglan etdi.
ABŞ-nyň goldawyndaky yrak hökümeti YD-a garşy söweşe ekstremist topar 2014-nji ýylyň tomsunda ýurduň üçden birine golaýyny ele geçirenden soň başlady.