Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 11-nji dekabrda Kaire we Ankara sapar edip, Müsüriň we Türkiýäniň prezidentleri bilen gepleşik geçirmegi planlaşdyrýar.
Kreml Putiniň Müsüre sapar etjekdigini yglan edip 7-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda onuň prezident Abdel Fattah al-Sisi bilen gepleşiklerde beýleki meseleleriň arasynda Ýakyn Gündogarda durnuklylygy we howpsuzlygy maslahat etjekdigini habar berdi.
Müsüriň prezidentiniň edarasy Putiniň we Sisiniň “syýasat, ykdysadyýet we söwda gatnaşyklary ýaly dürli ugurlardan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmegi” maslahat etjekdigini habar berdi.
Müsüriň resmi “Al-Ahram” gazeti Putiniň saparynyň dowamynda bu Demirgazyk Afrika döwletinde ýadro zawodyny gurmak boýunça gutarnykly ylalaşyga gol çekiljegini habar berdi.
Türkiýede prezident Putin prezident Rejep Taýyp Erdogan bilen gepleşiklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda energiýa proýektlerini, Siriýadaky konflikti we Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy maslahatlaşmagy planlaşdyrýarlar.