Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

CIS Debt Recovery Solutions: ‘Türkmengaz’ bilen ‘Türkmennebitiň’ kredit reýtinginiň gutarandygyny bildik


"Türkmenistanda nebit we gaz" temaly sergi, Aşgabat (Illyustrasiýa)

"CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk firmasy Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň iň iri döwlet konserniniň bar bolan maglumatlardan çen tutulanda, özüniň daşary ýurtly şäriklerine 20 million dollardan köp bergili ýagdaýa düşendigini habar berýär.

Köpsanly halkara firmalar bilen bir hatarda Kiprdäki " I.C. Intercomplect Ltd" atly firma hukuk geňeşdarlygy hyzmatyny berýän "CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk firmasynyň beýannamasynda, diňe "Türkmennebit" döwlet konserniniň bergisiniň 8540910,55 amerikan dollaryna barabardygy, "Türkmegaz" döwlet firmasynyň bolsa 15000000 amerikan dollary möçberindedigi aýan edilýär.

Hukuk firmasy noýabrda "Türkmennebitiň” öz bergisini töläp bilmejek ýagdaýdadygyny mälim etmek bilen Türkmenistanyň ol döwlet konserniniň eýýäm 3 ýyldan bäri "wagtlaýynça finans kynçylyklaryny we pul ýetmezçiligini" sebäp görkezip, 8 million amerikan dollary möçberindäki "I.C. Intercomplect Ltd" atly kiprli şerekete bolan bergisini tölemeýändigini bildirdi.

Hukuk firmasy 3-nji dekabrda birnäçe diplomatiki wekilhanalara we şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän şereketlere ýüzlenme iberip, berginiň ylalaşykly ýagdaýda tölenmegini töwella etdi.

"CIS Debt Recovery Solutions" firmasynyň baş geňeşçisi Taras Kopi Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, Türkmenistanyň firmalaryndan algysyny alyp bilmeýän birnäçe firmanyň gelip çykýan ýurdunyň ilçihana wekilleriniň eýýäm özlerine ýüz tutandygyny aýtdy.

"Düýn irden ABŞ-yň we Ýaponiýanyň ilçihanalaryndan bize jaň etdiler. Ýaponiýanyň ilçihanasy biziň hatymyzda agzalýan maglumaty ýaýratmak üçin rugsat sorady we biz hem onuň ýaýradylmagyna razyçylygymyzy bildirdik. Olar Ýaponiýanyň iki sany iri korporasiýasynyň Türkmenistanyň ady agzalýan döwlet konsernleri bilen bolan hyzmatdaşlygyndan finans hem logistika taýdan problema duçar bolandygy barasynda öz ilçihanasyna kömek sorap ýüz tutandygyny aýtdy. Meniň düşünişime görä, ilçihananyň we şol ýapon şereketleriň (ýagny olaryň biri "Kawasaki") ýolbaşçylary bilelikde Türkmenistanyň Içerki ykdysadyýet banky bilen boljak duşuşykda biziň çap eden maglumatymyzy ulanmak üçin rugsat soradylar" diýip, "CIS Debt Recovery Solutions" firmasynyň baş geňeşçisi nygtaýar.

Taras Kopi "Türkmennebit" we "Türkmengaz" döwlet firmalarynyň özüniň iň uly kredit hyzmatdaşy bolan Hytaýyň kredit reýtinginiň "gara sanawyna" girendigini mälim etdi.

"Biz hepdäniň başynda şeýle maglumat aldyk. Hytaýda eksport işleriniň ýüzden 95-99 göterimine kepillik berýän bir kepillik şereketi bar. Olar hem biziň müşderimiz we owal "Türkmengaz" barasynda bilelikde işleşipdik. Biz olar bilen bilelikde sorap "Türkmengaz" we "Türkmennebitiň” kredit reýtinginiň gutarandygyny öwrendik. Diňe "Türkmennebit" bilen baglanşykly üç sany sud işi gozgalypdyr, ýagny bu onuň hytaýlylara üç sany bergisiniň bardygyny görkezýär. Ýöne gynansagam biz häzir ol bergileriň mukdaryny bilmeýäris. Bu Türkmenistanyň şol iki döwlet şereketiniň Hytaýyň eksport işlerine kepillik berýän firmasynyň gara sanawyna alnandygyny görkezýär" diýip, "CIS Debt Recovery Solutions" firmasynyň baş geňeşçisi nygtaýar.

Taras Kopiniň aýtmagyna görä, şeýle ýüzlenmeler hukuk firmasynyň geçen ýyl uzaga çeken tagallalary netijesinde Türkmenistandan bir müşderisiniň algysyny almaga kömek edenden soň köpelipdir. Ýagny bu halkara şärikleriniň Türkmenistanyň hyzmatdaşlykda bikanun hereket edilendigi barasynda "CIS Debt Recovery Solutions" atly hukuk firmasyna bildiren ilkinji arza-şikaýaty däldir.

"Şu ýylyň aprel aýynda "Türkmengaz" şereketiniň biziň hytaýly bir müşderimize bolan 2,5 million amerikan dollary möçberindäki bergisini töletdirdik. Ondan soň Fransiýadan, Hytaýdan, Russiýadan, Katardan müşderiler şol "Türkmengaz" we "Türkmennebit" firmalarynyň şertnamalardaky öz borjuny ýerine ýetirmeýändigi we alan zatlarynyň puluny tölemeýändigini bildirip bize ýüz tutdylar" diýip, Taras Kopi aýdýar.

Türkmenistanyň hökümeti "Türkmennebitiň” "I.C. Intercomplect Ltd" atly kiprli şerekete bolan bergisi barasynda nähilidir bir kommentariýa bermeýär.

Azatlyk Radiosyna "Türkmennebit" we "Türkmengaz" döwlet konsernlerinden bu ugurda maglumat almak hem başartmaýar.

Mundan owal onlarça türk firmasy Türkmenistanyň şertnamalardaky borçlaryny ýerine ýetirmeýändigi barasynda halkara kazyýetlere we guramalara ýüz tutupdy.

Şonuň ýaly-da, birnäçe döwlet firmasy bilen Russiýa, Eýran we Belarus ýaly ýurtlaryň şereketleri Türkmenistanyň nebir-gaz pudagy bilen bir hatarda dürli hyzatdaşlyklar boýunça baglaşylan şertnamalardaky öz borçlaryny berjaý etmeýandigini bildiripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG