Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) öz işi sebäpli tussag edilen žurnalistleriň sany yzly-yzyna indi ikinji ýyly taryhda iň ýokary derejesine ýetdi diýýär.
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň 13-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda Birleşen Ştatlaryň we beýleki günbatar ýurtlarynyň metbugat azatlygyndaky “hopukdyryjy ýagdaýy” gowulandyrmak üçin dünýäniň žurnalistleri iň köp tussag edýän ýurtlary bolan Türkiýä, Hytaýa we Müsüre basyş etmekde şowsuz bolandygy aýdylýar.
Şu ýylyň 1-nji dekabryna çenli dünýäde gözenekleriň aňyrsynda saklanýan žurnalistleriň sany täze rekord derejesine ýetip, 262-ä barabar boldy diýlip, hasabatda bellenilýär.
Raportda tussag edilen habarçylaryň arasynda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ady hem bar.
Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” şäherinde ýitirim boldy. Nepesgulyýew şol ýylyň 31-nji awgustynda ýapyk bir görnüşde geçirilen sud diňlenişiginden öň, doly izolirlenen görnüşde saklanylypdy.
Türkmen sudy ony "bikanun neşe gaçakçylygy" aýyplamasy boýunça günäli tapyp, üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Halkara hukuk goraýjy toparlaryň ençemesi Nepesgulyýewe ýöňkelen günäleriň onuň žurnalistiki işi üçin ar almak maksady bilen “toslanyp düzülendigini” aýtdylar.
2015-nji ýylyň dekabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Eden-etdilikli tussag edilmelere garşy iş topary Nepesgulyýewiň tussaglygyny “eden-etdilikli” diýip yglan etdi.
Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň täze hasabatda aýdylmagyna görä, Türkiýe özüniň media azatlygyna basyş etmegi dowam etdirýän mahaly, ýurt tussag edilen žurnalistleriň sany boýunça dünýäde birinji orunda ýerleşdirildi. Bu ýurtda 73 žurnalist tussaglykda saklanylýar. Hytaý (41 žurnalist) we Müsür (20 žurnalist) tussag eden žurnalistleriniň sany boýunça ikinji we üçünji orunlarda ýerleşdirildi.
“Adalatly jemgyýetde žurnalist öz işi ýa-da tankydy maglumat taýýarlany üçin hiç wagt türmä basylmaly däl, emma häzir 262 žurnalist türmede otyr. Žurnalistleriň tapgyr ikinji ýyl rekord derejede türmede oturmagy utanç. Makala çap edenligi üçin žurnalistleri tussag edýän ýurtlar halkara kanunlaryny bozýarlar we olar munuň üçin jogapkärçilige çekilmeli. Bu ýerde fakt, halkara jemgyýetçiligine wekilçilik edýän hökümetler halkara jemgyýetçiliginiň şowsuzlygyna sebäp bolandyklary üçin, hiç bir töleg tölemeýärler” diýip, agzalýan komitetiň ýerine ýetiriji direktory Joel Simon aýdýar.
Hasabatda žurnalistleriň 194 sanysynyň ýa-da dünýäde tussaglykda saklanylýan žurnalistleriň 74 prosentiniň takyk bolmadyk terror kanunlary esasynda hökümete garşy aýyplamalar bilen türmä basylandygy bellenilýär.
2017-nji ýylda tussag edilen žurnalistleriň sany boýunça iň öňdäki orunlarda ýerleşdirilen ýurtlaryň hatarynda Eritreýa (15 žurnalist), Azerbaýjan (10 žurnalist) we Wýetnam (10 žurnalist) bar. Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Özbegistanda dört, Gyrgyzystanda bir we Gazagystanda iki žurnalist tussaglykda saklanylýar diýlip, hasabatda aýdylýar.