Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiprde hojaýyny bilen urşan türkmen migranty we ýanyndaky zenanlar sud edilýär


Kipr
Kipr

Kipriň demirgazygyndaky türk böleginde ýerleşýän Famagusta şäherinde hojaýynyny uran türkmen migranty Begli Begmedow bilen onuň ýanyndaky 2 bikanun türkmen migrant zenanynyň saklanyp, soň sud edilendigi habar berilýär.

Kipr metbugatynda ýaýran habarlarda aýan edilişine görä, 10-njy dekabrda Mandyralar diýen ýerde işe içgili ýagdaýda gelen türkmen migranty Begli Begmedow bilen hojaýyny Ýylmaz Gazioglunyň arasynda turan dawanyň soňu urşa ýazypdyr. Türkmen migranty Begli Begmedowyň Ýylmaz Gazioglu atly hojaýynynyň çekge süňküni döwüp, gözüni hem ýaralandygy, ondan soň hojaýynynyň hem iki sany garyndaşy bilen bileleşip, türkmen migrantyny ýenjip, onuň iki elini döwendigi beýan edilýär.

"Kybrys postasy" atly internet neşiriniň ýazmagyna görä, wakanyň metbugata aýan bolmagyna türkmen zähmet migranty Begli Begmedowyň owalky söýgülisi Ýyldyz Amanowany urmagyna şaýat bolan türkmen zähmet migranty Gülşat Ataýewanyň polise arza-şikaýat etmegi sebäp bolupdyr. Ondan soň Kipr türk polisiniň geçiren pasport barlagynda, türkmen zähmet migrantlary Amanowa bilen Ataýewanyň ýurtda wiza möhleti dolandan soň bikanun ýagdaýda bolmagy dowam edendigi anyklanypdyr.

Gazet Ýylmaz Gaziogly bilen Begli Begmedowyň "adamy erbet ýençmek" we "adama şikes ýetirmek" günälerinden, türkmen zähmet migrantlary Ýyldyz Amanowa bilen Gülşat Ataýewany bolsa "Kipriň demirgazygyndaky türk böleginde bikanun ýagdaýda bolmagy dowam etmekden" aýyplanyp, polis tarapyndan saklanandygyny ýazýar.

Waka barasynda derňew işini alyp barýan polis işgäri Engin Ýyldyz kazyýetde eden çykyşynda, 10-njy dekabrda Magusanyň Mandyralar diýen ýerinde aýyplanýanlar Ýylmaz Gaziogly bilen onuň ýanynda işleýän Begli Begmedowyň arasynda türkmen migrantynyň işe içgili ýagdaýda geleni sebäpli dawa tutandygyny aýan edip, dawanyň urşa ýazmagyny gürrüň berdi. Ýakalaşyk başlanda Begmedowyň özlerini aralamaga synanyşan owalky söýgülisi Ýyldyz Amanowanyň ýüzüne urup, onuň burnunyň döwülmegine sebäp bolandygyny aýdýar.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyndan çen tutulsa, Türkmenistan Demirgazyk Kipri ykrar etmeýändigi üçin, ol ýerde köne türkmen pasportlary öz güýjüni goraýar. Köne pasportly türkmen migrantlary Demirgazyk Kiprde işläp bilýärler. Bu bolsa Demirgazyk Kipri türkmenistanly zähmet migrantlarynyň ýykgyn edýän esasy ýerleriniň birine öwürýär.

Azatlyk Radiosyna bu temada maglumat beren Stambuldaky hukuk geňeşdarlygy firmalary Türkiýedäki köne pasportly bikanun migrantlaryň hem hut şeýle sebäpden Demirgazyk Kipre soňky wagtlarda has köp gönükýändigine üns çekýärler.

Azatlyk Radiosy türkmen zähmet migrantlarynyň ykballary bilen gyzyklanyp, Demirgazyk Kiprli degişli resmilerden maglumat almaga synanyşdy. Adynyň anonim galmagyny islän bir organ işgäri Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolup, Demirgazyk Kipr türk respublikasynda türkmenistanlylaryň aşa köpelmegi bilen bidüzgünçilikleriň hem artýandygyny we türkmen migrantlaryň bikanun ýagdaýlary, gatnaşýan dürli jenaýatlary, neşe, ogurlyklar hem uruşlary sebäpli yzygiderli suda çekilýändigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG