Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň sudy öňki ykdysadyýet ministri Ulýukaýewi sekiz ýyllyk türmä höküm etdi


Orsýetiň öňki ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýew Zamoskworetskiý etrap sudunda, Moskwa, 15-nji dekabr, 2017

Moskwanyň sudy Orsýetiň öňki ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýewi “uly mukdarda para almakda” günäli tapdy we ony berk şertli türmede sekiz ýyllyk tussaglyga höküm etdi.

Ulýukaýew 15-nji dekabrda çykarylan kararynyň yzýany eli bagly suddan çykarylanda özüniň tussag edilmegini “adalatsyz” atlandyrdy. Orsýetiň tanymal öňki ministrleriniň ýene biri Ulýukaýewe kesilen işi “aýylganç” diýip atlandyrdy.

Sudýa Larisa Semýonowa karary 90 minut gijikdirip okady. Sud media serişdeleriniň diňlenişigi göni efirde bermegine rugsat bermedi.

Ulýukaýew Orsýetde 1950-nji ýyldan bäri tussag edilen iň ýokary wezipeli hökümet resmisi boldy. Ol Orsýetiň nebit ägirdi “Rosneftiň” “Başneft” kompaniýasyndaky esasy paýyny hökümetden satyn almagyna Orsýetiň Ykdysady ösüş ministrliginiň kepil geçmegi üçin 2 million dollar möçberinde para almakda güman edilip, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda öý tussaglygyna höküm edilipdi.

Onuň tussag edilmegi prezident Wladimir Putiniň daşyndaky biznes we syýasy toparlarda täsir döredipdi.

XS
SM
MD
LG