Sepleriň elýeterliligi

Daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň öz kartlaryndan pul çekmek kynçylyklary


Türkiýede manadyny döwlet kursunda dollarda almak üçin nobata duran türkmen raýaty.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine dil üsti bilen 13-nji dekabrdan başlap adaty raýatlaryň aýda diňe 500 amerikan dollaryny satyn alyp biljegini duýdurdy.

Mundan ozal Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmeleri noýabr aýynyň ortasynda daşary ýurtlardaky käbir türkmen raýatlarynyň kartlarynyň nagt we nägt däl amallara ýapylandygy barasynda maglumat beripdi. Golaýda bolsa Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmeleri käbir türkmen raýatlarynyň plastik kartlarynyň çäklendirilen möçberde daşary ýurtlarda nagt amallara açylandygyny, ýöne ol kartlaryň nagt däl amallara henizem ýapykdygyny mälim etdi.

Eýsem, Türkmenistanda pul barasynda yzgiderli üýtgeýän ýagdaýlar daşary ýurtlardaky türkmenleriň durmuşyna nähili täsir ýetirýär? Daşary ýurtlara söwda gatnaýanlar, zähmet migrantlary we daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleri nähili pul kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny türkmenistanly raýatlaryň daşary ýurtlarda başdan geçirýän pul problemalaryna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu temadaky pikirleriňizi we tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG