Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmileri 'azyk bolçulygynyň' döredilýändigini aýdýarlar


Dekabryň başyndan bäri ýurduň tas ähli künjeklerinde diýen ýaly çöregiň bahasy azyndan ýarym esse gymmatlady.
Dekabryň başyndan bäri ýurduň tas ähli künjeklerinde diýen ýaly çöregiň bahasy azyndan ýarym esse gymmatlady.

Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasynyň barha gymmatlaýan we olaryň käbir görnüşleriniň asla-da gytalýan döwründe, ýurtda "azyk bolçulygyny" üpjün etmek barada döwlet derejesinde gürrüň edilýär.

15-nji dekabrda geçirilen nobatdaky hökümet maslahatynda, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Orazmyrat Gurbannazarow ýurtda “azyk bolçulygyny saklamak, ýokary hilli azyk önümlerine elýeterliligi hem-de içerki bazary yzygiderli doldurmak boýunça geçirilýän işler barada” hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda öndürilýän önümleriň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini artdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi diýip, döwlet eýeçiligindäki media habar berýär.

Şeýle-de, prezident ilatyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi diýip, habarda aýdylýar. Emma bu tabşyryklaryň mazmuny we jikme-jikleri barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda, “azyk bolçulygyny” döretmek baradaky döwlet derejesindäki gürrüňler, ýurtda Täze ýyl baýramçylygynyň öňünden günübirin gerek bolan ýumurtga, un gytçylygynyň döremeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda azyk we senagat harytlarynyň ählisiniň diýen ýaly bahasy azyndan iki esse gymmatlady. Un, şeker we ösümlik ýagy ýaly gündelik ulanylýan harytlaryň söwda tekjelerinden wagtal-wagtal ýitirim bolmagy hem dowam edýär. Şu aýyň başyndan bäri bolsa, ýurduň tas ähli künjeklerinde diýen ýaly çöregiň bahasy azyndan ýarym esse gymmatlady.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýokarky ýagdaýlar, şeýle-de bularyň ilata ýetirýän täsirleri barada ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler. Munuň deregine türkmen mediasynda “ýurt bolçulygy”, “azyk howpsuzlygy”, “ykdysady ösüş” diýilýänleriň “delilleri” hökmünde dowamly çykyşlar we tekjeleri dürli-dümen harytlardan doly dükanlardan reportažlar görkezilýär.

Galyberse-de, golaýda prezident Berdimuhamedow azyk howpsuzlygy boýunça döwlet komissiýasyny döretdi. Emma bu komissiýanyň azyk meselesinde dörän kynçylyklary aradan aýyrmakda nähili anyk çäreleri görýändigi aýdylmaýar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Birleşen Milletler Guramasynyň “Merkezi Aziýada we Ýewropada azyk howpsuzlygynyň hem-de iýmitlenişiň ýagdaýy – 2017” at bilen 4-nji dekabrda ýaýradan hasabatynda, Türkmenistanda 0,3 million adamyň ýa-da ýurduň ilatynyň 5,5%-niň doýa-gana naharlanmaýandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG