Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda un gytçylygy dowam edýär


Mary welaýatynda indi bir aýdan gowurak wagt bäri un gytçylygnyň dowam edýändigi barada maglumatlar bar. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, etrap merkezine ýa Mary şäherine aýlanyp un gözläp ýörmäge oba ýaşaýjylarynyň wagty bolmaýar. Öýüňde mal-garaňa seretmeli, öý işleriňe ýetişmeli, onsoňam özüňde ulag bolmasa, un gözläp ýörmäge mümkinçilik azalýar.

Şol sebäpli Aşgabada gatnaýan taksi sürüjilerden un getirip bermeklerini haýyş edýäris. Bahasy 37 manada durýan 50 kilo agram ýazylan birinji sortly uny taksi sürüjiler Aşgabatdan 70 manada getirip berýärler.

Taksi sürüjileriň aýtmaklaryna görä Aşgabadyň Köşi massiwindäki, we beýleki golaý-goltum obalaryndaky döwlete degişli dükan eýelerinden birinji sortly bir halta uny 50 manada satyn alyp bolýar.

Agramy 50 kilogram diýlip ýazylan bir halta unuň agramy bolsa 45 kilo çykýar. Mary welaýatynyň jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryndan, hut şolar ýaly unuň bir haltasyny 100 manada satyn alyp bolýar. Ondan ýene Aşgabada sarganyň amatly diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Unuň gytalmagy bilen elde bişirilýän çörekleriň hem gymmatlapdyr. Çörekleriň bahasyny galdyrmajak bolup, onuň möçberiniň kiçeldilendigini aýdýarlar.

Döwlet bahasyndaky unuň üstüne jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň nyrhlarynyň goşulýandygy üçin, döwlet dükanlarynda satylmaly unlaryň jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň üsti bilen ilata gymmat bahadan satylýandygy barada maglumat bar.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň oba ýerlerinde bolsa uly maşgalalara aýda ýarty halta undan paýlanýandygyny ýaşaýjylardan eşitse bolýar.

Ilata satylýan unuň hiliniň ýaramazlygyndan hem ýaşaýjylar zeýrenýärler. Unda gurçuk, ýakymsyz ys duýulýar. Kä halatlarda heňlän unlar hem gelýär.

“Mundan bir aýa golaý ozal un gytalyp, her ele 5 kilodan satylyp başlapdy, şonda uly nobatlar emele geldi. Soňra her ele 10 kilodan satyp başladylar. Indi bolsa maşgala sanyňa görä, dükanlarda bir halta uny ikä bölüp, uly maşgalalara berýärler” diýip, oba ýaşaýjylary aýdýarlar.

Unyň gytalmagyndan howatyr edýän Mary welaýatynyň ýaşaýjylary 1995-96-njy ýyllardaky un-çörek gytçylygyny ýada salýarlar. Ol wagtlar ýolagçy otlusy bilen günaşa Aşgabada gatnap, un-çörek satyn alyp, oňşuk edendiklerini ýatlaýarlar. Otly petekleriniň häzirki gymmatlygy bilen, indi ol ýyllardaky ýaly Aşgabada hem gatnap bolmaýar.

Un gytçylygynyň sebäplerini ýaşaýjylaryň köpüsi galla hasylynyň pes bolandygy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne ammarlarda saklanýan gallanyň talaba laýyk saklanman zaýa bolmagy bilen baglanyşdyrýanlar hem bar.

Emeli un gytçylygny döredip, ilaty gurçuklan unlary, ammarlarda heňläp zaýa bolan galladan öndürlen ysly unlary almaga mejbur edip, zaýa bolan önümlerden dynyljak bolunýandygynyň ähtimallygny aýdýan ýaşaýjylar hem bar.

XS
SM
MD
LG