Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň kitabynyň esasynda (mejbury zähmet bilen) film surata düşürilýär


Filmiň surata düşüriliş işlerine kömek bermekden ýüz öwrenleriň işinden kowuljakdygy bilen haýbat atylýandygy aýdylýar.
Filmiň surata düşüriliş işlerine kömek bermekden ýüz öwrenleriň işinden kowuljakdygy bilen haýbat atylýandygy aýdylýar.

Daşoguzda býujet işgärleriniň köpçülikleýin ýagdaýda çekilmeginde, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan kitabynyň esasynda, çeper film surata düşürilip başlandy.

Soňky iki hepdeden bäri ýurduň demirgazyk welaýatynyň taryhy sebitlerinde Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň surata düşüriliş işleri alnyp barylýar.

Ýerli medeniýet işgärleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, çeper film Was düzlügidäki Aşykaýdyň pir ýadygärliginde, Köneürgenç we Görogly etraplarynyň taryhy sebitlerinde surata alynýar.

Şol bir wagtda, bu işlere Daşogzuň býujet işgärleriniň mejbury ýagdaýda çekilýändigi barada köp sanly maglumat gelip gowuşýar. Adamlar uzak, kä halatlarda ýüzlerçe kilometr aralygy söküp, uzakly gün sowuk howa şertlerinde dekorasiýalary dikmek, töweregi arassalamak işlerine gatnaşdyrylýarlar.

“Ýakynda Köneürgençde surata düşürdiler. 100-den gowrak ak öýleri dikip, 50 töweregi düýäni bezediler. Bu ýere Boldumsaz, Gubadag, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň býujet işgärlerini getirip, birtopar gara işleri: garlary artmak, arassaçylyk geçirmek, ak öýleri gurmak ýaly işlerde işletdiler” diýip, Gubadag etrabynyň mugallymlarynyň biri Rahat (ady üýtgedilen – red.) Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Rahat ähli harajatlary özleriniň çekmelidigini, şeýle-de, bellenilen ýerlere özleriniň aşmaly bolýandyklaryny aýdýar: “Ylalaşyp bilseler, käbir işgärler ulagly kärdeşleriniň benzin hakyny töläp, şolar bilen aşýarlar. Beýlekileriň hersi öz başyny özleri çaramaly. Eger myhman ýeri bolsa, mejbury gatnadylýan işgärler şol ýerde galýarlar; bolmasa-da, her gün yzyna uzak aralygy sökmeli bolýarlar”.

Rahat filmiň surata düşüriliş işlerine kömek bermekden ýüz öwrenleriň işinden kowuljakdygy bilen haýbat atylýandygyny; käbir işgärleriň hem gününe 40 manat töläp, ornuna başga birini ýollaýandyklaryny-da sözüne goşdy.

Galyberse-de, filmde köpçülikleýin sahnada surata düşýän medeniýet işgärleriniň zerur bolan lybaslary öz hasaplaryna almaly edilendigi barada hem bu filmde surata düşýän oýunçylaryň biri atlandyrylmasyzlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Prezidentiň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby şu ýylyň oktýabrynda ilata hödürlenipdi. Munuň yzy bilen, kitap türkmen mediasynda giňden mahabatlandyrylyp, şeýle-de, onuň Germaniýa, Awstriýa, Saud Arabystany, Hytaý ýaly ýurtda tanyşdyrylyş dabaralarynyň geçirilendigi habar berildi. Mundanam başga, kitabyň ady 2018-nji ýylda geçmeli Ýaşulular Maslahatynyň şygary hökmünde saýlandy.

Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna gelmeginden ozal nähilidir bir kitap çykarandygy barada maglumat bolmasa-da, prezident döwründe sportsmen, aýdymçy we sazanda, awtosürüji, atşynas, ussat çapyksuwar hökmünde tanaldy. Indi Berdimuhamedowyň adyndan 40 töweregi kitaby çap edildi. Diňe 2016-njy ýylda onuň adyndan 7 kitap çykdy.

Türkmen telewideniýesi Berdimuhamedowyň täze kitaplaryny Ministrler kabinetiniň mejlisinde egindeşlerine sowgat berşini we olaryň ony epilip, maňlaýlaryna sylyp kabul edişlerini görkezerdi. Şeýle-de, prezidentiň kitaplary indi telewideniýede okalyp, okyjylara mawy ekran arkaly hem ýetirilýär.

Bellemeli ýeri, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow hem kitap ýazardy we “şa şahyr” diýip taryplanardy, emma indi onuň kitaplarynyň ornuny Berdimuhamedowyň eserleriniň barha kän eýeläp başlandygyna üns çekilýär.

XS
SM
MD
LG