Sepleriň elýeterliligi

Arkadygyň habary ýokmy bu bolýan zatlardan?


Türkmen bank kartlary

Wisa kartlary nagt we nagt däl görnuşinde hem bir gün ulanyp bolsa bir gün ulanyp bolanok. Türkmenistandan daşary ýurtlarda okaýan talyp yaşlaryñ hossarlary Türkmen banklaryndan pul ugratmakda gaty oran uly kynçylyk çekyaler.

1. 40 - 50 sany resminama dogurlamaly.

2. Her bir bankyñ gapysynda nobata durýan adamlaryñ sany 1000 - den geçyä.

3. Talybyñ okayan yerinden sprawkanyñ kopiyasy däl-de hakyky ozi. Eýsem-de, hormatly parahor bank işgarleri talybyñ okaýan yerinden sprawkany talyplar daşary yurtdan her ay nähili yagday-da ugradyp bilsinler ?! Näme sebäpden onuñ kopiyasy bolanok ?!

Her bir welaýatyñ , şäherleriñ we etraplaryñ banklarynyñ gapysyndaky nobata duran adamlaryñ sany 1000-den geçyä. Heý-de šeyle bolup durannada türkmen resmileriniñ birinden bolmasa biri bu zatlardan habar tapmazmy?!

Näme sebäpden beýle ?! Hich hili Türkmenistanda hich bir zada mumkinchilik yok. Haysy edara barsañ pul isläp seniñ resminamañy düzedip berenoklar.

Hormatly Arkadag hey-de siziñ bu zatlaryñ birinden bolmasa birinden habaryñyz yokmudy eysem?!

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

  • Howpsuzlyk üçin şu soraga jogap beriň. *

XS
SM
MD
LG