Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki adamy öldürmekde güman edilip gözlenýän türkmen migranty saklandy


Stambul
Stambul

Türkiýäniň Stambul şäheriniň Fatih etrabynda gurnalan operasiýada 2 adamy öldürmekde güman edilýän türkmen migrantynyň ele salnandygy habar berilýär.

Türkiýäniň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Stambulyň Büýükçekmeje etrabynda kellelerine ullakan çekiç bilen urlup öldürilen ýagdaýda tapylan 61 ýaşyndaky täjir türk aýal Rukiýe Baljy bilen onuň migrant kömekçisiniň janyna kast edendigi anyklanan türkmenistanly migrant polis tarapyndan ele salyndy. Türk metbugatynyň polis çeşmelerine salgylanyp berýän habarynda, jenaýatkäriň Gurtgeldi K. atly 30 ýaşyndaky türkmenistanly migrantdygy beýan edilýär.

Türkiýäniň "Hürriýet" gazeti 11-nji dekabrda agşam wagty Stambulyň Büýükçekmeje etrabynyň Pynartepe mähellesinde ýerleşýän fermada bolan jenaýatyň täjir hem fermer türk zenany Rukiýe Baljynyň Gurtgeldi K. atly işe alan türkmenistanly täze işgäri bilen gürjüstanly migrant kömekçisiniň sözi azaşmagy netijesinde bolandygyny bildirdi.

Türkiýäniň "haberler.com" ýaly internet neşirlerinde çap edilen maglumatlarda, "Stambul polisiniň jenaýaty gözläp-agtaryş bölümi tarapyndan geçirilen derňewde fermer aýalyň ýanynda jenaýat güni işe başlan türkmenistanly bir migrantyň ýitirim bolandygy anyklanýar. Fermer aýalyň ogurlanan mobil telefonuny yzarlan türk polisi, ony ýaňky türkmen migrantynyň bir dükana satandygyny kesgitleýär. Howpsuzlyk işgärleri tarapyndan gözlenmäge başlanan jenaýatda güman edilýän Gurtgeldi K. atly türkmenistanly migrant 16-njy dekabrda Stambulyň Fatih etrabynda gurnalan bir operasiýada ele salynýar. Jenaýat býurosynda sorag edilen Gurtgeldi K. atly türkmen migranty ilki bada özüne ýöňkelýän aýyplamalary kabul etmeýär. Ýöne polisiň ýüzüni kimiň dyrnaçaklandygy barasynda eden tutanýerli soragyndan soň ol jenaýaty özüniň edendigini boýun alýar" görnüşinde has giňişleýin maglumatlar berilýär.

Türkiýäniň internet neşirlerinde Gurtgeldi K. atly türkmen migrantynyň "Ol gün fermer aýalyň ýanynda işe başlapdym. Uzak günläp ekin meýdanynda işledim we soň başga gidere ýerim bolmansoň, olaryň ýanynda galmak isleýändigimi bildirdim. Ýöne ol ýerde Imawerdi Kasymow bilen sözümiz azaşdy we ullakan çekiç alyp, onuň kellesine urdum. Ol gara-gan bolup ýere serlip gidensoň, fermer hojaýyn aýal polise habar bermek isledi. Ony duruzmak üçin ýene elimdäki ullakan çekiç bilen oňa-da urdum we soň aramyzda ýakalaşyk başlady. Ahyrynda ony hem öldürip, fermadan gaçyp gitdim" diýip, bolan wakany jikme-jik gürrüň berendigi mälim edilýär.

Ýatladyp geçsek, türk metbugatynda owal berlen habarlarda we türk telekanallarynda görkezilen wideo şekillerde, fermer aýalyň Arýa Özgü atly gyzy žurnalistlere ejesiniň ýanyndaky kömekçisi bilen olary öldürmekde güman edilýäniň hem türkmen migrantydygyny we munyň diňe bir adam tarapyndan edilmändigini öňe sürüpdi.

Polis çeşmeleri jenaýatda güman edilýän Gurtgeldi K. atly türkmenistanly migrantyň jenaýat býurosyndaky soragyndan soň, kazyýete iberilendigini bildirýär.

Sözi jemläp aýtsak, türk mediasynda türkmen migrantlarynyň gatnaşmagynda bolýan kriminal ýagdaýlar barasynda yzygiderli maglumatlar berilýär. Bilermenler türkmen migrantlarynyň Türkiýede aşa köpdügine we şeýle-de iş hem ýaşaýyş şertleriniň olaryň kriminal ýagdaýlara goşulyşmagyna sebäp bolýandygyna aýratyn üns çekýärler.

Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki metbugatynda bolsa türkmen migrantlary barasynda hiç hili söz açylmaýar. Şol bir wagtyň özünde jenaýatda güman edilýän türkmen migrantlarynyň ykballary barasynda degişli türk we türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG