Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda talyplaryň stipendiýalarynyň ýatyryljagy aýdylýar


Türkmen talyplary
Türkmen talyplary

Käbir maglumatlara görä, täze ýylyň ýanwar aýyndan, beýleki bir maglumata görä, täze ýylyň sentýabr aýyndan talyp haklarynyň ýatyryljakdygy aýdylýar.

Ogly Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan Tuwakbibi atly zenanyň sözüne görä, “Men öz alýan talyp hakymdan ýüz öwürýärin. Sebäbi meniň talyp hakyna mätäçligim ýok” diýip, talyplara arza ýazdyrypdyrlar.

“O nähile mätäçligimiz ýokmuşyn? Meniň adamym aradan çykan, özüm ujypsyz aýlyk bilen maşgalamy ekleýärin. Talyp oglumyň stipendiýasy onuň üçin juda möhüm. Oglum talyp hakyndan kesilse, onyň okuwy nähile dowam etdirjegine akylym çatanok” diýip, ol aýdýar.

“Gynandyrýan zat bolsa, olary şeýle arza ýazmaga mejbur etmekleri. Mejburylykdan soňra talyplardan şeýle teklip geldi diýip, maslahatlarda ýaşulylar bu pikiri öňe sürerler” diýip, Tuwakbibi aýdýar.


Talyp haklarynyň kesilmegine garaşylýandygyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji kursunyň talyplarynyň birisi hem tassyklady. Adynyň efirde tutulmazlygyny soran talybyň sözüne görä, talyp haklarynyň 2018-nji ýylyň sentýabr aýyndan kesilmegine garaşylýar.

Häli şindi çärelerde gatnaşmak üçin geýmeli egin-eşikleri, sport geýimlerini täzeläp durmaly, olary hem bazardan satyn almaga rugsat berilmeýär. Okuw jaýlarynyň resmileriniň görkezmesi bilen iki bahasyna getirilip berlenini almaly bolýarlar.

Ýeri gelende bellesek, talyplar gazet-žurnallara abuna ýazylmaga mejbur edilýärler. Kärdeşler arkalaşyklarynyň wznosy, umumy ýaşaýyş jaýlarynda hajathanany arassa saklamak üçin himiki serişdeleri satyn almaga pul bermeli, çärelere gatnamak üçin awtoulag tölegleirini hem olaryň özleri tölemeli. Olara arza ýazdyryp pul toplanýar. Garaşsyzlyk, Bitaraplyk baýramçylyklary mynasybetli Garaşsyzlyk, Bitaraplyk binalaryna gül goýmak ýaly çärelere hem pul toplanýar.

Talyplaryň talyp haklary şol zatlara hem ýetenok. Iýjek-işjek çykdajysy ene-atalaryň boýnuna düşýär. Indi talyp haklary kesilse, ol aýdylan çykdajylary hem ene-atalar götermeli bolarlar.

Ýatlap geçsek, 2017-2018-nji okuw ýyly üçin, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda talyplar tölegli hem tölegsiz toparlara okuwa kabul edilipdiler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bir talybynyň ejesi şu okuw ýyly üçin tölemeli 7400 manadynyň birinji ýarym ýyly üçin zordan ýarpysyny töländigini, indiki ýarymynyň tölegini alada edýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG