Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukraina ýeňil ýarag satmak üçin lisenziýany makullady


Ukrain harbysy orsýetçi separatistlere garşy söweşde, Awdiiwka, Donetsk regiony
Ukrain harbysy orsýetçi separatistlere garşy söweşde, Awdiiwka, Donetsk regiony

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Ukrainanyň ABŞ-nyň kiçi ýarag kärhanalaryndan käbir ýeňil ýaraglary satyn almak üçin lisenziýany makullandygyny mälim etdi.

Metbugat-wekili Heather Nauertiň 20-nji dekabrda aýtmagyna görä, Kongress bu karary 13-nji dekabrda makullapdyr.

Lisenziýa ýaraglaryň ýarymawtomat we awtomat kategoriýalaryna hem 50 kalibre çenli ýaraglara degişli.

Bu tanklara garşy “Javelin” ýaragy ýaly has agyr ýaraglaryň söwdasyny göz öňünde tutmaýar. Ukraina Luhansk we Donesk regionlarynda orsýetçi separatistlere garşy göreşde ulanmak üçin ABŞ-dan şeýle ýaraglaryň satylmagyny sorapdy.

Döwlet departamentiniň karary barada gapma-garşylykly pikirler öňe sürüldi.

“Washington Post” neşri Döwlet departamentiniň kararyny “ABŞ-nyň Ukraina ölüme getirýän goranyş ýaraglaryň ilkinji täjirçilik söwdasy” diýip atlandyrdy we munuň ýurduň ozalky syýasatyndan tapawutlanýandygyny belledi.

Emma Döwlet departamenti we beýleki media maglumatlary muny ret etdiler. “Öňki iki administrasiýanyň goly astynda ABŞ-nyň hökümeti Ukraina eksport lisenziýalaryny makullapdy, şonuň üçin bu ýerde täzelik ýok” diýip, Nuert aýtdy.

XS
SM
MD
LG