Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň hususy dükanlarynda ýumurtga satylmaýar


Obadan elin ýumurtga getirýän satyjylar oba ýerlerinde iým gytçylygy sebäpli ýumurtgalaryň aşa gymmatlandygyny aýdýarlar.
Obadan elin ýumurtga getirýän satyjylar oba ýerlerinde iým gytçylygy sebäpli ýumurtgalaryň aşa gymmatlandygyny aýdýarlar.

Soňky bir hepdäniň dowamynda Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda bar bolan hususy dükanlarda satuwda ýumurtga tapdyrmaýandygyny aýdýarlar.

Azyk bolçulygny döretmek barada döwlet derejesinde gürrüň edilýän wagtynda, ilat üçin elýeter hasaplanýan arzan azyk önümi bolan ýumurtganyň hususy dükanlardan ýok bolmagy ýaşaýjylar üçin birnäçe kynçylyk döredýär. Olarda her gün uly bazarlara gidip, ýumurtga satyn almaga wagt bolmaýar. Işden gelen adamlar öz golaýyndaky dükanlardan möhümini bitirjek bolýarlar. Ýöne golaýdaky hususy dükanlardan ýumurtga, çörek, ýag, şeker ýaly günübirin gerekli azyk önümlerini satyn almak kyn diýip, ýaşaýjylar belleýärler.

Aýratyn-da, soňky bir hepdäniň dowamynda hususy dükanlarda ýumurtga tapdyrmaýar. Bazarlarda hem uly dükanlarda bolsa, her ele 15 ýumurtgadan artykmaç satylmaýar. Teke bazarynda her ele satylýan 15 ýumurtga hem guş toplumynyň önümi bolup, olar örän kiçi hem tagamy pes.

“Hususy dükanlarda oba ýerlerinden getirilen, ýagny elin ýumurtgalar satylýardy. Emma soňky günlerde elin ýumurtgalary satmaga hususy dükanlara gadagançylyk girizlipdir. Indi elin ýumurtga aljak bolsaň, oba ýerlerinden getirýän satyjylara köçede durup garaşmaly bolýarys” diýip, Parahat-7- niň ýaşaýjysy Ogulsapar aýdýar.

Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran Parahat-7-niň hususy dükanynyň satyjysynyň aýtmagyna görä, polisiýanyň uçastok inspektorlary dükanlara aýlanyp, 1 manatdan satylýan elin ýumurtgalary satmaga gadagançylyk girizipdirler. “Oba ýerlerinden gelýän satyjylardan elin ýumurtgany 90 teňňeden satyn alyp, 1 manatdan hem ilata satýardyk. Emma şeýle bahadan elin ýumurtga satmagymyza polissiýa işgärleri gadagançylyk girizdi. Biz elin ýumurtgalar gymmat bolsa-da, halkyň islegi bar bolansoň, ony şol bahadan alyp, dükanda goýýardyk” diýdi.

Obadan elin ýumurtga getirýän satyjylar bolsa oba ýerlerinde iým gytçylygy sebäpli ýumurtgalaryň aşa gymmatlandygyny aýdýarlar. Olar oba ýerlerinde bir ýumurtgany 80 teňňeden satyn alyp, Aşgabatda 90 teňňeden satýarlar. “Bir ýumurtganyň üstünden görýän 10 teňňe peýdamyzyň 5 teňňesi ýol kireýne gidýär. Özümize hem 5 teňňe peýda galýar. Bir müň ýumurtga getirip ýerlesem, men 50 manat peýda bilen öýüme dolanýan. Eýsem bolsa bir müň ýumurtgany Mary ýaly ýerden göterip gelip, ony Aşgabadyň içinde aýlap satmak bize aňsat düşýändir öýtmäň. Ýöne alajymyz bolmansoň, eklenç üçin agyr ýük bilen ýola çykmaly bolýarys” diýip, maryly zenan aýdýar.

Döwlet derejesinde azyk bolçulygnyň gürrüňi edilýän şu günlerde oba ýerlerinde iým, un gytçylygnyň dowam ediýändigini, Aşgabat şäheriniň bazarlarynda bolsa ýumurtganyň, soganyň, kartoşkanyň, hatda almadyr mandariniň hem nobatlarynyň azalmaýandygyny görse bolýar.

XS
SM
MD
LG