Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportunda käbir ýolagçylaryň goşlary açylyp barlanýar


Aeroportdan goşlaryny alyp barýan ýolagçylar.
Aeroportdan goşlaryny alyp barýan ýolagçylar.

"Türkmenistanyň Hronikasy" atly internet neşiriniň ýazmagyna görä, “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary çemodanlarynyň açylmagyndan we bagaždaky çilimleriniň ýitmeginden nägile bolýarlar.

“Türkmenhowaýollary” Aşgabadyň üstünden birtopar populýar tranzit uçuşlary amala aşyrýar. Mysal üçin, Moskwa-Aşgabat-Bangkok reýsi dynç almaga gidýän orsýetlileriň arasynda meşhur, Londona bolsa hindi ýolagçylary ýygy-ýygydan uçýar.

“Türkmenitsnayň Hronikasy” neşiri “Türkmenhowaýollarynyň” bütin dünýäden bolan müşderilerine nämeleriň ýarap-ýaramaýandygyny, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy noýabrda bu firmanyň başlygy Döwran Saburowa "işde goýberen kemçilikleri üçin" soňky duýduryşyny we käýinjini bermeginiň näderejede ýerliklidigini anyklamak üçin, giňişleýin habarnama taýýarlapdyr.

Habarnamada beýan edilişine görä, dünýäde syýahatçylyk boýunça iň iri saýtlarynyň biri bolan "Tripadvisor" “Türkmenhowaýollaryna” ýolagçylaryň 89 seslenmesinden gelip çykýan bäş bally derejesinde 3,5 ball berýär. Gymmat bolmadyk biletleriň gözlegi boýunça "Airlines-inform" saýtynda bu reýting 1145 bahanyň esasynda 5-den 4-e barabar. "SKYTRAX" saýtynyň müşderileri bolsa "Türkmenhowaýollaryna" 10-dan 4 ball berdiler.

"SKYTRAX" saýtynyň käbir müşderileriniň galdyran ýazgylarynda, “Bangkoga uçup baranymyzda çemodanymyzyň açylandygyny bildik. Daşyna oralan plýonka hem-de kodly gulp aýrylypdyr. Içindäki zatlary barlapdyrlar. Biziň reýsimizdäki ýolagçylar şikaýat etmäge başladylar. Biz ýeke däl ekenik, uçardaky çemodanlaryň ýarysyny açypdyrlar, adamlaryň zatlary ýitirim boldy. Hemme zady gyzyl-dörjük edipdirler, dargadypdyrlar, garyşdyrypdyrlar. Üstesine, 9 gap çilimimi ogurlapdyrlar (gowy zat, bolmanda birini gözden sypdyrypdyrlar). Şeýle-de, käbir eşiklerimi ogurlapdyrlar, emma gymmat däldi. Bu ähli alan täsirlerimi zaýalady. Aşgabatda ýükleri bir uçardan beýlekisine geçirenlerinde, ýükçüler gulplary döwüpdirler we bagažy (iki çemodan) açypdyrlar we bäş gap kofe ogurlapdyrlar (hersinde 0,5 kg)…” ýaly teswirler ýazylandygyny "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri beýan edýär.

Aşgabadyň aeroportynda ýolagçylaryň goşlarynyň gümrükden owal ýa-da daşary ýurda barýarka gümrükden soň hem açylyp barlanýandygy barasynda, Azatlyk Radiosynyň ýurtdaky çeşmeleri bilen Stambula we Dubaýa gatnaýan käbir söwdagärler hem doly tassyklaýarlar.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren Aşgabadyň aeroportynda işleýän bir resminiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň gümrük gullugyndan aýratynlykda aeroporta gelip düşýän we daşary ýurda iberilýän her hili goş-golamlary gümrükden owal hem soň barlaýan ýörite bir gözegçilik topary döredilipdir.

"Gözegçilik toparynyň işgärleri "şübheli" görünýän goşlary, meselem, ylaýta-da çakdanaşa ýagdaýda daşy oralyp, birnäçe gulp bilen ýapylan goşlary dessine sen-men ýok açýarlar. Diňe daşary ýurtdan gelýänleriň goş-golamlary gümrükden owal barlanman, daşary ýurda barýanlaryňky gümrükden soň hem gaýtadan barlanýar. Moskwa-Aşgabat-Bangkok saparynda aýdylşy ýaly, o diýen berk gözegçilik edilmeýär. Aşgabadyň aeroportynda esasanam Dubaý bilen Stambuldan gelýän we şol iki ýere äkidilýän goşlara aýratyn üns berilýär. Türkiýeden gelýän söwdagärleriň goşlary bolsa hökmany suratda açylyp seredilýär. “Sebäbi türke gatnaýan söwdagärleriň soňky wagtlarda Türkmenistandan we Özbegistandan ýygnalýan 593 we 595 belgili altynlary Stambula äkidip satmagy ýörgünli boldy. Olaryň gramyny 18-22 amerikan dollaryndan türk altynlaryna çalşyp, Aşgabada getirýärler diýip, Aşgabadyň aeroportynda işleýän bir resmi Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýokarkda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Aşgabadyň aeroportyndan we degişli türkmen resmilerinden hiç hili kommentariýa almak başartmady.

XS
SM
MD
LG