Sepleriň elýeterliligi

Daşary ýurtly inwestorlaryň Orsýetden maýa goýumlaryny çykarmaga çalyşýandygy aýdylýar


Orsýetiň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy German Gref

Daşary ýurtly inwestorlaryň ençemesi 2017-nji ýylyň soňky günlerinde Orsýetden öz maýa goýumlaryny çykarmaga çalyşýarlar, muňa ABŞ-nyň täze sanksiýalarynyň indiki ýylda Orsýetiň oligarhlaryna we Kremle ýakyn döwlet korporasiýalaryna zarba urmagy bilen bagly aladalanmalar sebäp bolýar diýlip, 26-njy dekabrda media maglumatlarynda habar berildi.

Kommersant gazetiniň maglumatynda bellenişine görä, 2017-nji ýylyň başynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň goly astynda amerikan-orsýet gatnaşyklarynyň maýlamagyna garaşyp, Orsýetiň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny ýatyryp başlan inwestorlaryň umydynyň başa barmandygyna meňzeýär.

Abraýly Wall Street kompaniýasy “Bank of America Merrill Lynch” bankynyň Orsýetden 2017-nji ýylda çykaryljak maýa goýumlaryň 1 milliard dollara ýetjegini çak edýär.

“Financial Times neşrine görä, iň agyr täze sanksiýasy Orsýetiň banklaryny Swift halkara elektronik sistemasyndan çetleşdirilmegine degişli bolup biler.

XS
SM
MD
LG