Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew, orsýetçi separatistler ýesirleri çalyşmaga taýýarlanýarlar


Adamlar minadan ýaralanan ukrainaly tussag Wolodymyr Žemçugowa ýardam berýärler, Ukrainanyň Luhansk regiony, 17-nji sentýabr, 2016
Adamlar minadan ýaralanan ukrainaly tussag Wolodymyr Žemçugowa ýardam berýärler, Ukrainanyň Luhansk regiony, 17-nji sentýabr, 2016

Ukrainanyň gündogaryndaky orsýetçi separatistler ýesir düşen ukrain harbylaryny separatistleriň we Kiýewiň arasynda ýesirleri çalyşmak üçin göz öňünde tutulan ýere ýolladylar.

Separatistler ýesirleri Ukrainanyň hökümetine 27-nji dekabrda Donetsk regionynyň konflikt zonasyndaky front liniýasynda Horliwka şäheriniň golaýynda ýerli wagt bilen öýlän sagat birde tabşyrmaly.

Ukrainanyň hökümet güýçleriniň tussaglary separatistlere agşam tabşyrmaly.

Ukrainanyň häkimiýetleriniň we separatistleriň arasynda ýesirleri çalyşmak boýunça ylalaşyk 25-nji dekabrda tassyklandy.

“74 sany ukrain esgeri separatistler tarapyndan 27-nji dekabrda boşadylar. Biz olary 306 adam bilen çalyşarys” diýip, Ukrainanyň parlamentiniň spikeriniň orunbasary Iryna Heraşçenko aýtdy.

Donetsk regionynda separatistleriň lideri Aleksandr Zaharçenko häzirki çäräniň geljekki ýesir çalyşmalarynyň diňe başlangyjydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG