Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kreml Nawalnynyň saýlawlara gatnaşmagyna gadagançylygyň üstündäki tankytlary ret etdi


Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý

Kreml Moskwanyň oppozision lider Alekseý Nawalnynyň prezident Wladimir Putine bäsdeş bolup, saýlawlara gatnaşmagyny gadagan etmeginiň Orsýetiň prezidentlik saýlawlarynyň kanunçylygyny sorag astyna goýýandygy hakyndaky aladalanmalary ret etdi.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow bu çykyşyny 26-njy dekabrda agşam Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysynyň metbugat wekiliniň Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasynyň 25-nji dekabrda Nawalny babatynda çykaran gadagançylyk kararynyň “Orsýetde syýasy köp pikirliligi we indiki ýylyň saýlawlarynyň demokratiýa gabat gelmegini uly şübhe astyna goýýandygyny” aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

“Biz şeýle nukdaý nazar bilen ylalaşyp bilmeýäris” diýip, Peskow aýtdy. Peskow “bolup biljek kandidatlaryň diňe biriniň gatnaşmazlygy saýlawlaryň kanunçylygyna täsir ýetirmeýär” diýip belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysynyň metbugat wekili Maýa Kosinýançiç Orsýetiň saýlaw komissiýasynyň Nawalnynyň jenaýat işine çekilmegi sebäpli saýlawlara gatnamagyna gadagançylyk girizmegini adalatsyz we nädogry atlandyrdy.

Alekseý Nawalnyý özüne garşy gozgalan işleriň syýasy matlaply bolandygyny aýdyp gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG