Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada türkmen talyplary pyçaklaşdylar


Harkow
Harkow

Ukrainanyň Harkow şäherindäki ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan türkmenistanly talyplar öz aralarynda jetleşip, munuň soňy pyçaklaşmaga ýazypdyr.

Harkowyň Milli polisiýasynyň baş edarasynyň berýän maglumatyna görä, hadysa 27-nji dekabrda Harkowyň politehniki institutynyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýüze çykypdyr.

Wakada 28 ýaşly türkmen talyby beýleki 31 ýaşly ildeşini pyçaklapdyr. Gursagyndan agyr ýaralanan türkmenistanly öýlän sagat 13:00 töweregi şäheriň kliniki keselhanasyna eltilip, häzir onuň ýagdaýy agyr bolamagyna galýar.

Dawanyň sebäpleri we oňa gatnaşan türkmenleriň şahsyýetleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Emma ýokary okuw jaýynyň talyplary bilen söhbetdeş bolan ýerli media serişdeleri dawanyň turan ýerinde köp ganyň bardygyny we ýaralanan talybyň ölümiň bärsinden gaýdandygyny maglumat berýärler.

Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda daşary ýurtlarda, hususan-da, Ukrainada okaýan ýa-da işleýän türkmenistanlylaryň käbiriniň dürli jenaýatlara baş goşýandyklary barada, wagtal-wagtal maglumatlar peýda bolýar.

Mundan iki aý ozal, ýagny oktýabrda Astrahanda türkmenistanly studentleriň ýerli bir zenany zorlandygy barada, Russiýanyň media serişdelerinde maglumat berildi. Şonda kanun goraýjy organlaryň deslapky derňew netijesinde, şübheli türkmen studentleriniň gürrüňi edilýän zenany Astrahanyň Kirowskiý etrapçasyndaky kireýine alnan kwartira aldaw ýoly bilen salmagy başarandygy we ony zorlandan soňra goýberendigi aýdylypdy.

Iýunda Ukrainada okaýan türkmenistanly talyp 1993-nji ýylda doglan bolgariýaly bir gyzy parçalara bölüp, rehimsizlik bilen öldürmekde aýyplandy. Şonda ukrain resmileri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, şahsyýeti mälim edilmedik 29 ýaşly türkmenistanla bilkastlaýyn adam öldürmek aýyplamasynyň bildirilendigini aýdypdylar.

Geçen ýylyň sentýabrynda bolsa, Ukrainanyň Sumi şäherinde 20-ä golaý türkmenistanly ýaşlaryň azerbaýjanly studenti urup-ýenjendigi habar berildi. Şonda beýnidäki şikes sebäpli keselhana düşen azerbaýjanly studente “agyr kontuziýa” we “hereket sazlaşygynyň ýitendigi” barada diagnoz goýlandygy aýdyldy.

Türkmenistanly ýaşaryň onlarça müňi daşary ýurtlarda öz hasabyna okaýar. Ukrainanyň Bilim we ylym, ýaşlar we sport ministrliginiň maglumatyna görä, Ukrainada daşary ýurtlardan okamaga gelýän studentleriň sany boýunça Türkmenistan öňdäki hatarda durýar.

Ukrainanyň Statistika boýunça döwlet edarasynyň maglumatyna görä, 2012-2013-nji okuw ýylynda, ukrain ÝOJ-larynda Türkmenistandan 10 müň 452 adam bilim alypdyr.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, ýokarda gürrüňi edilen habarlar dogrusynda, türkmen häkimiýetleri, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler. Şeýle-de, bu barada ýurduň media serişdelerinde hem maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG