Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dekabryň aýlyklary ir berildi, ýaşaýjylar ýanwaryň aýlygyny gaýgy edýärler


Aşgabat, bankdaky nobat. Arhiw suraty
Aşgabat, bankdaky nobat. Arhiw suraty

SNG.today neşiriniň türkmen paýtagtyndaky habarçysy ýurduň býujet işgärleriniň aýlyklarynyň dekabryň ortasyndan başlap, öňünden berilýändigini habar berýär.

Bu habar türkmenistanlylaryň ýylyň dowamynda duçar bolan dürli maliýe kynçylyklarynyň we daşary ýurtlarda dollaryň resmi kursy esasynda pul nagtlaşdyrmak mümkinçilikleriniň gazaply çäklendirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

SNG.today neşiri türkmen häkimiýetleriniň býujet işgärleriniň aýlyklaryny öňünden tölemek bilen, olara täze ýyly, 2018-njini baýramçylyk şertlerinde, öz isleýişleri ýalygarşylamaga mümkinçilik döredendigini belleýär.

Neşiriň bilim ministrliginiň işgärine salgylanyp berýän maglumatyna görä, bilim we saglygy saklaýyş pudagynyň işgärleriniň aýlyklary bütin ýurt boýunça bank kartlaryna 20-nji dekabrdan öň gelip gowuşdy.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugatynyň maglumatlaryna görä, Ahal, Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda 2017-nji ýylyň pagta hasyly üçin hem doly hasaplaşyk geçirildi. Mundanam başga, Türkmenistanyň Merkezi banky 16-njy dekabrda ýylyň ahyryna çenli dynç alyşsyz işlejekdigini habar berdi.

Emma ýerli synçylar Türkmenistanda Täze ýylyň öňünden aýlyklaryň adatdaky wagtyndan irräk berilmeginiň indi 3-4 ýyl bäri kada öwrülendigini habar berýärler. Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen aşgabatly ýaşaýjylaryň köpüsi dekabryň aýlyklarynyň ir berilmeginiň örän gowy bolýandygyny, sebäbi çagalaryna Täze ýyl sowgatlaryny almaga, baýramçylyk saçagyny bezemäge az-da bolsa mümkinçilik döreýändigini aýtdylar.

“Ýurtda baýramçylyk başlandy, işsiz kän, aýlyklar pes, bahalar gymmatlady, käbir adamlaryň çagalaryna hatda kiçijik täze ýyl sowgadyny almaga-da gurby çatmaýar” diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Şu gün Aşgabadyň bazarlarynda bolan ynamdar çeşmäniň tassyklamagyna görä, noýabryň otuzyndan şu güne çenli aralykda hem ähli harytlar, hususan-da azyk hatyrlary ortaça 20 prosent gymmatlady.

Ýöne aýlyklaryň dekabrda ir berilmeginden alada galýan adamlar hem bar. Sebäbi dekabrdan soň ýanwar gelýär we alty aý ozal 10 prosent köpeldilen aýlyklary täzeden hasaplamak bahanasy bilen, ýanwar aýynyň aýlyklary ortaça fewralyň 10-yna çenli berilmeýär, bu bolsa adamlaryň 40 günläp aýlyga garaşmaly boljagyny aňladýar.

Türkmenistanyň Täze ýyl bilen gelen ýene bir aladasy bolsa, noýabrda bahasy gymmatlan durmuş hyzmatlarynyň tölegi bolup durýar, sebäbi bu tölegler ýanwaryň birinji ongünlüginde doly tölenmeli we muňa gurby çatmadyk adamlara jerime salynmagy mümkin.

Eýsem bu ýagdaýda nähili çykalgalar bar, ýaşaýjylar aýlykly meseläniň nähili çözülmegini isleýär diýlip berlen soraga Sähet atly mugallym (ady üýtgedildi) “aýlyklaryň bir bölegini her aýda awans görnüşinde, 17-18-ne berseler, ýagdaý biraz ýeňlärdi” diýip jogap berdi.

Şeýle-de Sähet Täze ýylda aýlygyň awansdan galan böleginiň soňky aýyň 2-si bilen 5-i aralygynda, gijikdirilmän berilmegini arzuw etdi.

Azatlyk radiosyna gelip gowuşýan maglumatlarda bank kartlaryna geçirilen pullary almak kynçylygynyň hem dowam edýändigi, käte bankomatlarda pul bolmaýandygy habar berilýär.

2017-nji ýylyň dowamynda, türkmen manadynyň hümmetiniň yzygiderli peselmegi, dollaryň "gara bazar" nyrhlarynyň soňky on ýylda rekord derejede ýokarlanmagy bilen, manady dollara resmi kursda öwürmek umydynda daşary ýurtlara gatnaýan ýa bank kartlaryny iberýän türkmenistanlylar hem köpeldi. Emma soň bu mümkinçilik dürli çäklendirmeler esasynda azaldyldy.

Şeýlelikde, ýanwar aýynda aýlyklaryň gijikmeginden gorkup, üstesine, suw, gaz we tok töleglerini alada edip, obadaky garyndaşlaryndan öňünden pul karz alýan şäherliler hem az däl diýip, aşgabatly Sähet gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG