Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde tebigaty goraýjy aktiwist urlup-ýenjildi


Andreý Rudomaha
Andreý Rudomaha

Orsýetli aktiwist tebigaty goraýjy Andreý Rudomaha Krasnodar şäherinde näbelli adamlar tarapyndan urlup-ýenjildi.

Aktiwistiň kärdeşi onuň 28-nji dekabrda sezewar bolan hüjüminde kelle çanagyna zeper ýetip, keselhana düşendigini Facebook sosial ulgamynda habar berdi.

Demirgazyk Kawkazyň ekologik gözegçisi atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň koordinatory Rudomaha Orsýetiň gara deňiz kenarynda gymmatbaha jaýyň bikanun gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine eden saparynyň yzýany hüjüme sezewar bolupdyr.

Krasnodarskiý Krai regionynyň polisiýasy hüjümi derňeýändigini aýtdy.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Orsýetiň Adalat ministrligi toparyň işini syýasy diýip kesgitledi we guramany Orsýetiň daşary ýurtly agentler sanawyna goşdy.

XS
SM
MD
LG