Sepleriň elýeterliligi

Resmiler Moskwada awtobus duralgasyndaky heläkçilikde adam pidalary baradaky maglumaty ret etdiler


Moskwada awtobus duralgasynda ýüze çykan hadysanyň bolan ýerinde Adatdan daşary gullugynyň işgärleri derňew geçirýärler, Moskwa, 29-njy dekabr, 2017

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar bounça ministrligi 29-njy dekabrda Moskwada awtobus heläkçiliginde iki adamyň wepat bolandygy hakyndaky maglumatlary ret edip, üç adamyň ýaralanandygyny aýtdy we bu maglumatyň barlanyp, tassyklanandygyny habar berdi.

Moskwanyň şäher polisiýasy heläkçiligiň ýeňil ulagyň awtobusy kakmagynyň netijesinde onuň awtobus duralgasyna baryp urandygyny habar berdi. Bu hadysa Moskwanyň demirgazyk-günbataryndaky Ýužnoýe Tuşino raýonunda Shodnenskaýa metro stansiýasynyň golaýynda Himkinskiý bulwar awtobus duralgasynda ýüze çykdy.

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin bu hadysany derňemegi tabşyrandygyny 29-njy dekabrda aýtdy.

Mundan dört gün ozal awtobus Moskwanyň Slawýanskiý bulwar metrosynyň ýer asty girelgesine urup, dört adamyň ölümine we 13 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. 25-nji dekabrda bolan bu heläkçilikden soň Sobýanin ähli şäher awtobuslaryny barlamagy tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG