Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň raketa söwdasyna degişli 2.5 milliard dollarlyk ylalaşyk baglaşandygy habar berilýär


Orsýetiň S-400 kysymly ýer-howa raketa sistemasy, Ýeňiş baýramy mynasybetli Gyzyl meýdançada geçirilen harby paradda, Moskwa, 9-njy dekabr, 2017
Orsýetiň S-400 kysymly ýer-howa raketa sistemasy, Ýeňiş baýramy mynasybetli Gyzyl meýdançada geçirilen harby paradda, Moskwa, 9-njy dekabr, 2017

Ankaradan habar berlişine görä, Orsýetiň we Türkiýäniň arasynda baglaşylan ylalaşyga görä, Orsýet Türkiýäni özüniň S-400 kysymly ýer-howa raketalary bilen üpjün eder.

Aýdylmagyna görä, 2.5 million dollarlyk ylalaşyk Günbatarda aladalanma döretdi. Türkiýäniň NATO-nyň agzasy bolmagy sebäpli uçardan ulanylan bu ýarag sistemasy bileleşigiň goragyna gabat gelmeýär.

Käbir günbatar ýurtlary Orsýetiň Siriýada we Ukrainada dowam edýän uruşlardaky roly bilen baglylykda dartgynlylygyň dowam edýän wagtynda Türkiýäniň S-400 kysymly raketalary satyn almagyny NATO-ny kemsitmek hökmünde kabul etdiler.

Orsýetiň Rosteh döwlet korporasiýasynyň başlygy Sergeý Çemezowyň 27-nji dekabrda “Kommersant gazetine” aýtmagyna görä, ylalaşyk S-400 kysymly raketalar üçin dört batareýanyň üpjünçiligini öz içine alýar. Çemezow raketa sistemalarynyň 2012-nji ýylyň mart aýyna çenli Türkiýä beriljekdigini aýtdy.

S-400 kysymly raketa söwdasyna degişli ylalaşyk barada ilkinji gezek Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan sentýabr aýynda yglan etdi.

XS
SM
MD
LG