Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Orsýet bilen ýadro hyzmatdaşlygy şertnamasyna gol çekdi


“Rosatom” bu şertnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklara ýol açjakdygyny aýdýar.

Özbegistan Orsýetiň “Rosatom” döwlet energiýa korporasiýasy bilen ýadro hyzmatdaşlygy şertnamasyna gol çekdi.

“Rosatom” bu şertnamanyň “medeni ýadro energiýasynyň köp aspekti boýunça” ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklara ýol açjakdygyny aýdýar.

Bu şertnama 29-njy dekabrda, “Rosatomyň” baş direktory Alekseý Lihaçýow bilen Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Nodir Otajonow gol çekdi.

"Bu hyzmatdaşlyk Özbegistanda infrastruktura döretmegi, tälim berilmegini, ýadro elektrik stansiýalarynyň we ylmy-barlag reaktorlarynyň gurulmagyny, şeýle-de olaryň ulanylyşyna esewan edilmegini öz içine alýar” diýip, "Rosatomyň" beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG