Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: “Oguz han we onuň ogullary” atly fontanlaryň awtoryna 'Hormatly halk ýaşulusy' ady berildi


Aşgabadyň halkara aeroporty
Aşgabadyň halkara aeroporty

Aşgabadyň halkara aeroportunyň girelgesinde ýerleşýän suw çüwdürimler toplumynyň awtory skulptor Saragt Babaýew “Hormatly halk ýaşulusy” ady bilen sylaglandy.

Türkmenistanyň halk hudožnigi, Çeperçilik sungaty boýunça ýörite döwlet akademiýasynyň mugallymy 70 ýaşly Babaýewe bu hormatly adyň 1-nji ýanwarda Medeniýet ministrliginde gowşurylandygyny TDH gullugy habar berýär.

“Dabaraly çärede çykyş edenler döwrüň türkmen sungatynyň wekiliniň ýylyň birinji güni hormatlanmagy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň we jemgyýetiň durmuşynda medeniýet ulgamyna ägirt uly üns berýändiginiň alamatydyr” diýlip, resmi maglumatda nygtalýar.

Aşgabadyň halkara aeroportuna barýan ýoldaky “Oguz han we onuň ogullary” atly suw çüwdürimler toplumy 2008-nji ýylda açyldy we 2010-njy ýylda jemgyýetçilik ýerinde ýerleşýän fontanlaryň sanynyň köplügi boýunça Gines halkara rekordlar kitabyna girdi. 15 gektar meýdanda ýerleşýän 27 sany suw çüwdürimi öz içine alýan toplumy Türkiýäniň "Polimeks" kompaniýasy gurdy.

XS
SM
MD
LG