Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Trampyň Yslamabada kömegi kesmek barada çykyşyndan soň ABŞ-nyň ilçisini çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Pakistana milliardlarça dollarlyk kömegi kesmek barada haýbat atmagyndan we ony terrorçylar üçin gaçybatalga bermekde aýyplamagyndan soň Yslamabat ABŞ-nyň ilçisini çagyrdy.

Trampyň 1-nji ýanwarda eden bu beýanaty Pakistanda gahar döretdi. Yslamabat ABŞ-ny “ynamsyzlykda” aýyplady.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň metbugat wekili ilçi Dawid Haleniň Pakistanyň resmileri tarapyndan duşuşyga çagyrylandygy 2-nji ýanwarda tassyklady, emma jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Trampyň beýanatynda ABŞ-nyň Pakistana soňky 15 ýylyň dowamynda 33 milliard dollarlyk kömegi “paýhassyz” berendigi aýdylýar.

“Olar Owganystanda biz tarapyndan yzarlanýan terrorçylara gaçybatalga berýärler, ujypsyz kömek edýärler. Besdir” diýip, Tramp belledi.

Munuň yzýany Ak Tam Yslamabadyň terrorçy toparlara garşy göreşdäki hereketleri üçin Pakistan üçin göz öňünde tutulan 255 million dollarlyk harby kömegi saklap galýandygyny tassyklady.

Pakistanyň goranmak ministri Hurram Dastgir Han Yslamabadyň “terrora garşy ýaran hökmünde soňky 16 ýylyň dowamynda ABŞ ýer we howa kommunikasiýalary, harby bazalary we “Al-Kaýdany” ýok etmek üçin aňtaw maglumatlary” berendigini aýtdy. “Emma ABŞ bize käýinçden we ynamsyzlykdan başga zat bermedi” diýip, Pakistanyň goranmak ministri öz beýanatynda belledi.

XS
SM
MD
LG