Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystana berýän toguny gymmat satmakçy ýa-da kesmekçi


Owganystandaky elektrik diňi. Illýustrasiýa suraty.
Owganystandaky elektrik diňi. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistan Demirgazyk Owganystanyň üç welaýatynyň ýaşaýjylarynyň belli bölegini we Günbatar Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ençeme etrabynyň we Hyrat şäheriniň ilatynyň köp bölegini elektrik togy bilen üpjün edip gelýär.

Türkmenistandan satyn alynýan elektrik togunyň 1 kilowat sagadynyň bahasynyň 2 sent bolandygyny Owganystanyň Elektrik edarasy mälim edýär. Türkmen toguny sarp edijiler mundan razydygyny bildirýärler. Emma indi Türkmenistan Owganystana iberýän togunyň nyrhyny ýokarlandyrjakdygyny aýdypdyr. OnyOwganystanyň Elektrik edarasy kabul etmändir. Şonuň üçin Türkmenistan mundan iki gün öň Owganystana iberýän elektrik energiýasyny kesdi. Ýöne Türkmenistan öten agşamdan soň Owganystana iberýän elektrik toguny ýene goýberip başlapdyr.

Bahalar baradaky meseläniň çözgüdi üçin, owgan toparynyň Türkmenistana sapar edýändigini Owganystanyň Elektrik edarasy habar berýär. Owganystanyň Elektrik edarasynyň jogapkär wekili Abdul Wekil Nasyrynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Türkmenistan Demirgazyk we Günbatar Owganystana elektrik energiýasyny bir aý möhletleýin öňki bahadan ugratmaga razylyk bildiripdir. Baha meselesiniň çözgüdi üçin, owgan wekilleri Aşgabada sapar edýär.

“Türkmenistan ýagdaýly bahadan elektrik toguny bermegini dowam etdirer diýip, biz umyt edýäris. Owgan resmileri ertir Türkmenistana ugraýar” diýip, Nasyry aýdýar.

Türkmenistandan gelýän elektrik toguny sarp edijiler öňem mundan düzgünli peýdalanyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Elektrik togy kä wagt Türkmenistandan kesilýär. Käte owgan topragyndaky jeňçiler elektrik geçiriji sütünlere we elektrik simlere yzygiderli zyýan ýetirýärler. Indi Türkmenistandan iberilýän elektrik togunyň kesilmegi bilen halkyň kyn ýagdaýa düşendigini Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň häkimi Lutfulla Ezizi hem aýdýar.

“Türkmenistan Owganystana iberýän elektrik toguny kesmese gowy bolardy. Jöwüzjanyň halky Türkmenistandan gelýän togy ulanýar. Türkmenistan biziň hemsaýamyz hem dostumyz, bize kömek etsin. Elektrik bolmasa halk garaňkyda galýar” diýip, Jöwüzjan welaýatynyň polisiýasynyň başlygy Pakyrmuhammet Jöwüzjany haýyş edýär.

XS
SM
MD
LG