Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam Pakistana garşy “ýörite hereketleri” yglan etjekdigini aýtdy


Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi (ortadan saga) ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis (ortadan çepe) bilen gepleşik geçirýär, Yslamabad, 4-nji dekabr, 2017.
Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi (ortadan saga) ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis (ortadan çepe) bilen gepleşik geçirýär, Yslamabad, 4-nji dekabr, 2017.

Ak Tam Pakistany terrorizme garşy göreşmekde has köp hereket etmäge çagyrdy we Yslamabada basyş etmek üçin ýakyn günlerde “ýörite hereketleri” yglan etjekdigini mälim etdi.

"Biz olaryň terrorizmi duruzmak üçin has köp iş edip biljekdigini bilýäris we biz olaryň munyň etmegini isleýäris” diýip, Ak Tamyň metbugat-wekili Sarah Sanders 2-nji ýanwarda aýtdy we indiki ädimleriň 48 sagadyň dowamynda yglan ediljekdigini aýtdy.

Ak Tamyň bu beýanaty ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleýiň Trampyň administrasiýasynyň Yslamabada 255 milliard dollar möçberli kömegi ýatyrmagy üçin “anyk sebäpleriň barydgyny” aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

2-nji ýanwarda Pakistan prezident Donald Trampyň Yslamabady “ýalanda we aldawda”, şeýle-de terrorçylara howpsuz pena bermekde aýyplap, Twitter sosial ulgamynda çap eden maglumatyny ýazgardy.

XS
SM
MD
LG