Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze alty agzasyny makullady


Gazagystanyň BMG-däki ilçisi Kaýrat Umarow
Gazagystanyň BMG-däki ilçisi Kaýrat Umarow

2-nji ýanwarda alty ýurt, ýagny Gollandiýa, Polşa, Kuweýt, Peru, Kot d-Iwuar (Şirmaýa kenary) we Ekwatorial Gwineýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine hemişelik bolmadyk agza hökmünde formal taýdan goşuldy.

Geňeşiň düzüminde iki ýyllyk möhlet bilen galýan ýurtlaryň her biri 193 agzaly BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan saýlandy. Diňe Gollandiýa kesgitlenen möhletiň ikinji ýarymyny Italiýa bilen paýlaşar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde orna eýe bolmaklyk ýurtlara halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna degişli meselelerde has täsirli sese eýe bolmak mümkinçiligini berýär.

1-nji ýanwarda Howpsuzlyk geňeşiniň üýtgäp durýan bir aýlyk prezidentligine geçen Gazagystanyň ilçisi Kaýrat Umarow täze ýurtlary kabul ediş dabarasynda eden çykyşynda “parahatçylyga we howpsuzlyga ýetmegiň kyndygyny” belledi.

15 agzaly Howpsuzlyk Geňeşi BMG-niň iň täsirli edarasydyr. Hytaý, Fransiýa, Orsýet, Britaniýa we ABŞ geňeşiň hemişelik agzalary bolup durýar.

XS
SM
MD
LG