Ukrainanyň “Täze güýç hereketi” atly partiýasynyň lideri we Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwili Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugyny (FSB) Kiýewiň sudunda özüne garşy öňe sürlen aýyplamalar üçin subutnamalary galplaşdyrmak işine gatnaşmakda günäledi.
Saakaşwili bu çykyşyny 3-nji ýanwarda Kiýewiň sudunyň geçiren diňlenişiginiň yzýany etdi. Prokurorlar Saakaşwiliniň Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň (SBU) soraglaryna jogap bermekden boýun gaçyrandygy sebäpli onyöý tussaglygyna almagy soradylar.
Sudýalar prokurorlaryň talabyny 11-nji ýanwara çenli yza tesdirdiler.
Ukrainanyň prokurorlary ýurduň Odessa regionynyň öňki gubernatory Saakaşwilini 2014-nji ýylyň fewral aýynda ýurduny terk eden öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň güman edilýän “jenaýat toparyna” gatnaşmakda aýyplaýarlar.
Prokuraturanyň öňe süren subutnamalaryň bir bölegi Saakaşwiliniň Orsýetde gizlenýän orsýetçi ukrain biznesmeni bilen telefon gepleşigi diýilýän ýazga esaslanylýar.