Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda protestler dowam edýär, Tähran ABŞ-ny öz içerki işlerine goşulmakda aýyplaýar


Eýranda protestler dowam edýär

Eýranda dowam edýän hökümete garşy protestleriň ikinji hepdesi başlandy, Tähran öz içerki işlerine goşulmakda ABŞ-nyň hökümetini aýyplady. Munuň öňüsyrasynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp protestçilere “amatly pursatda” ýardam bermegi teklip etdi.

Hökümetiň protestler barada maglumatyň ýaýramagynyň öňüni almaga synanyşyp, sosial mediany petiklemegi sebäpli 4-nji ýanwardaky protestleriň möçberiniň ozalkylardan näderejede tapawutlanýandygy nämälim galýar.

Hökümete garşy protestler soňky on ýyldan gowrak döwürde Eýranyň liderlerine garşy geçirilýän iň uly çykyş bolup durýar. Demonstrasiýalaryň netijesinde azyndan 22 adamyň wepat bolandygy we 1000-den gowrak adamyň tussag edilendigi habar berilýär.

Tährandan, Kazeroundan, Malaýerden, Nowşahrden we beýleki şäherlerde alnan wideolar Eýranyň häkimiýetlerine garşy protestleri görkezýär. AÝ/AR bu maglumatlaryň anyk wagtyny we hakykydygyny garaşsyz tassykladyp bilmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG