Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Ukrainada BMG-niň parahatçylygy dörediji ýaragly güýçleri ornaşdyrmaga çagyrdy


Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabriel (ç) we Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin, Kiýew, 3-nji ýanwar, 2018
Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabriel (ç) we Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin, Kiýew, 3-nji ýanwar, 2018

Germaniýanyň daşary işler ministri Ukrainanyň gündogarynda BMG-niň parahatçylygy dörediji ýaragly güýçlerini Orsýetiň mart aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda ornaşdyrmaga çagyrdy.

Sigmar Gabrieliň 3-nji ýanwarda Kiýewde ukrainaly kärdeşi Pawlo Klimkin bilen geçiren gepleşiginiň yzýany žurnalistlere aýtmagyna görä, şeýle güýçler Ukrainanyň territorial bütewüligine kepil geçmek üçin “zerur” bolup biler.

“Bu tutuş konflikt zonasynda ýerleşjek güýçli ýaragly missiýa bolmaly” diýip, Gabriel aýtdy we Germaniýanyň hem Fransiýanyň parahatçylygy dörediji şeýle missiýany Ukrainanyň gündogarynda “ok atyşlygyň berk bes edilmegini” gazanmak üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine hödürlejegini mälim etdi.

Orsýetiň 18-nji martda geçiriljek saýlawlarda prezident wezipesinde gaýtadan saýlanjagy çak edilýän Wladimir Putin BMG-niň parahatçylygy dörediji missiýasynyň Ukrainanyň orsýetçi separatistleriň gözegçiligindäki bölegini ýurduň beýleki territoriýasyndan bölýän front liniýasynda ornaşdyrylmagyny goldady.

Ukrainanyň gündogarynda dowam edýän konflikt zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri azyndan 10 300 adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG