Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagany mekdebe salmak üçin, çagalar bagyndan güwänama getirmeli


Çagalar
Çagalar

Türkmenistanda täze okuw ýylyndan başlap, mekdep ýaşyna ýeten çagalary okuwa salmak üçin, olaryň çagalar bagyna gatnandygy barada, güwänamanyň talap ediljekdigi aýdylýar.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, bu baradaky görkezme geçen aýyň aýagynda ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan ýaýradylypdyr.

Eger-de gürrüňi gidýän dokument hödürlenmese, onda çaganyň orta mekdebe alynmagy bilen baglylykda dürli kynçylyklaryň ýüze çykyp biljekdigi hem mälim edilýär.

Azatlyk Radiosy ýokarky maglumatlary ýurduň degişli bilim edaralaryna we resmilerine ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bildi.

Galyberse-de, bu ýurtda çagalar baglarynyň bahalarynyň tas 10 esse gymmatlamagynyň we hökümetiň býujet işgärlerine perzentlerini çagalar bagyna bermek üçin basyş edip başlan döwrüniň yz ýanyna gabat geldi.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň oktýabrynda ýurtda çagalar baglarynyň aýlyk tölegleri Aşgabatda 10 manatdan, welaýatlarda 8 manatdan, 80 manada duýdansyz ýokarlandyrylypdy. Bu bolsa ýurtda ene-atalaryň köpüsiniň nägileliklerine, Daşoguz welaýatynda perzentleri çagalar bagyna gatnaýan raýatlaryň ençemesiniň protest ýörişini geçirmegine sebäp boldy.

Gymmatlamanyň netijesinde çagalar bagyna gatnaýanlaryň sany hem azaldy. Mysal üçin, Daşoguzdaky bir çagalar bagyna ozal 200-den gowrak çaga gatnan bolsa, olaryň sany birdenkä 15-e ýetipdi. Ene-atalar onsuz hem durmuşyň gitdigiçe gymmatlaýan döwründe, goşmaça çykdajylary etmäge gurplarynyň çatmaýandygyny, çagalaryny öýde alyp galmak kararyna gelendiklerini aýdypdylar.

Munuň yzy bilen ýurduň ähli künjeklerinde döwlet edara-kärhanalarynda işleýänlere perzentlerini çagalar bagyna öwürmek boýunça basyşlar edilip başlandy. Ýerli ýolbaşçylaryň geçiren ýygnaklarynda çagalaryny çagalar bagyna öwürmediklere işden kowulmak haýbatlary hem atylypdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” mekdebe girjek bolýanlardan çagalar bagyna gatnandygy baradaky güwänamanyň talap edilip başlanmagy hem, boşap galan çagalar baglaryny zor bilen doldurmak maksady bilen edilýändigini aýdýar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmen emeldarlary we mediasy ýurtda çagalaryň “eşretli ýaşaýyşy” üçin ähli şertleriň döredilýändigini, olaryň “ýurduň geljegidigini” öňe sürseler-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar we olaryň ene-atalara ýetirýän täsirleri hakda ne maglumat, ne-de düşündiriş berýärler.

XS
SM
MD
LG