Sepleriň elýeterliligi

Arap şeýhleri Marsa ekspedisiýa ibermekçi


Mars planetasy

Birleşen arap emirlikleriniň kosmos gullugy 2014-nji ýylda döredilendir.

CNN-iň habar bermegine görä, geçen üç ýylyň dowamynda uly üstünlikli işler amala aşyrylypdyr. Dubaýda ýerleşýän edaranyň merkezinde häzir kosmos barasynda depginli işler alnyp barylýar.

Golaýda Dubaý özüniň has täsin kosmos maksatnamasyny ýagny 2020-nji ýylda Marsa gurnaljak ilkinji ekspedisiýany halka äşgär edipdir. Maksatnamada 2117-nji ýylda bolsa Marsda ilkinji ýaşaýyş merkeziniň salynmagy göz öňünde tutulýar.

Hat-da "Youtube" ulgamynda göz öňünde tutulýan şeýle ýaşaýyş ýerleriniň nusgalary hem köpçülige hödürlenipdir.

Dubaýyň şeýhleri bu ýylyň sentýabr aýynda çölde Marsa meňzeýän synag merkeziniň döredilmegi üçin 136 million dollar serişde aýyrypdyrlar.

Bu dünýädäki şeýle synag merkezleriniň iň ulusy bolar. Marsda nähili ösümlikleriň ösüp biljegi hem ol ýerde synagdan geçiriler.

Birleşen arap emirlikleri, bu maksatnamanyň ýurtda ylmyň we ykdysadyýetiň hasam kämilleşmegine uly itergi bermegi maksat edinýändigini bildirýär.

Deňeşdirmek üçin aýtmaly bolsa mysal üçin Elon Muskyň "SpaceX" atly firmasy Marsa adamy 2024-nji ýylda ibermegi göz öňünde tutýar. NASA-nyň bolsa 2030-njy ýyllaryň başynda şeýle ekspedisiýany durmuşa geçirmek plany bar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG