Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisiniň sudy Saakaşwilini gaýybana üç ýyllyk türmä höküm etdi


Mihail Saakaşwili
Mihail Saakaşwili

Tbilisiniň şäher sudy Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwilini 2006-njy ýylda adamyň öldürilmegi bilen bagly işde öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapdy we ony üç ýyllyk türmä gaýybana höküm etdi.

Sudýa Giorgi Arewadze 2004-2013-nji ýyllarda Gürjüstanyň prezidenti bolan Saakaşwili babatynda çykarylan karary 5-nji ýanwarda yglan etdi. Suduň kararyna görä, Saakaşwili 2006-njy ýylda bankir Sandro Girgwlianiniň öldürilmegine degişli ýagdaýy ýaşyrmak we adam öldürmekde aýyplanan dört adamyň günäsini geçmek üçin öz prezidentlik ygtyýarlyklaryndan peýdalanypdyr.

Saakaşwili aýyplamalary syýasy matlaply atlandyrdy we özüne garşy iş gozgalmagynda onuň syýasy garşydaşy Gürjüstanyň öňki premýer-ministri Bidzina Iwanişwiliniň eliniň bardygyny aýtdy.

Saakaşwiliniň Gürjüstandaky Birleşen milli partiýasynyň agzasy Hatia Dekanoidze Tbilisiniň sudunyň 5-nji ýanwarda çykaran kararynyň Ukrainanyň häkimiýetleriniň Saakaşwilini Gürjüstana ekstradisiýa etmegini aňsatlaşdyrjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG