Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidentiniň Özbegistana sapary planlaşdyrylýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (s) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (ç)

Türkmenistanyň prezidentiniň Özbegistana sapary planlaşdyrylýar. Media maglumatlaryna görä, bu barada Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iki goňşy ýurduň diplomatik gatnaşyklarynyň 25-nji ýyl dönümine gabatlap, türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollan gutlag hatynda mälim edildi.

“Siziň Özbegistan Respublikasyna ýetip gelýän saparyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, ol şübhesiz taryhy waka bolar, ähli taraplaýyn özbek-türkmen gatnaşyklaryň ägirt uly potensialynyň açylmagyna gulluk eder” diýlip, Özbegistanyň prezidentiniň hatynda aýdylýar.

2006-njy ýylda Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň ýogalmagynyň yzýany ýurt başyna geçen Mirziýoýew dekabrda prezident saýlanmagynyň yzýany ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrdy we 2017-nji ýylyň dowamynda iki gezek goňşy ýurda baryp, prezident Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň prezidenti Özbegistana 2016-njy ýylyň iýun aýynda we 2008-nji ýylyň mart aýynda sapar edipdi.

XS
SM
MD
LG