Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pensiýalary we kömek pullaryny bankomatdan almaly


Türkmenistandaky pulsuz bankomat.
Türkmenistandaky pulsuz bankomat.

Türkmenistanda fewral aýyndan başlap pensionerler, maýyplar, çaga üçin kömek pullaryny alýanlar ony bankomatlaryň üsti bilen almaly bolarlar.

Ýanwar aýynyň pensiýasyny, kömek pullaryny, çaga posobiýelerini almaga poçta we bank bölümlerine barýan ýaşaýjylar pullarny almazdan ozal bankomatdan pul almak üçin, plastik kartlary açmak talap edilýär diýip, aşgabatly pensioner Maral daýza aýdýar.

“Bank we poçta bölümleriniň kassalarynda pasportyň nusgasy bilen kart üçin tölän 22 manat pul kwitansiýaňy getirip bereniňden soňra, ýanwar aýynda almaly puluňy berýärler. Ilata plastik kartlary almakda kynçylyklar ýok. Sebäbi kömek pullaryny alýanlar her aýyň 1-inden 22-si aralygynda wagt tapanlarynda baryp, bank bölümlerinden ýa-da poçta bölümlerinden pullarny alýarlar. Ýöne pul almaga gelýän ýaşaýjylary plastik kartlar üçin resminamalary düzetmäge hem-de plastik kart üçin pul tölemäge ugradýar. Olar geçirmeli pullaryny geçirip gelenlerinde, ýanwar aýynyň pensiýasyny ýa posobiýelerini alyp bilýärler” diýip. Maral daýza aýdýar.

Plastik kartlary bolsa bir hepdeden soňra sosial üpjünçilik bölümlerinden baryp almalydygyňy düşündirilýär diýip, Maral daýza bu işiň gurnalyşyndan razy bolandygyny, her bir girizilýän täzeligiň şular ýaly oýlanyşykly edilse, ilat üçin amatly boljakdygyny hem sözüne goşýar.

Emma Maral daýza plastik kartlary alanlaryndan soňra, bankomatlardan pul almagyň aladasyny şu günden edýändigini hem aýdýar.

“Işleýän çagalarmyz, goňşy-golamlarymyz her aýyň aýlygyny aljak bolup, Aşgabadyň içinde bir bankomat bolsa aýlanyp çykýarlar. Wagtlaryny ýitirýärler. Iş keýpleri bozulyp, pullaryny alýançalar birnäçe günläp, nobatlardan nobata durup, adamlaryň aňkasy aşýar. Muňa indi maýyplar ýa-da garry pensionerler nähili döz gelerler?” diýip alada edýär.

Ýaşy has ýokary pensionerler bankomatlara aýlanyp ýörmezler ýaly, olara häzirlikçe rehim edilipdir. Ýöne munuň näçe wagta çekjekdigi belli däl diýýärler.

Häzirlikçe pensiýa pullaryndan saglyk ätiýaçlyk pasportlary üçin tutulyp galynýan 3 % puluň tutulandygyny tassyklaýan möhüriň indi nirede we kim tarapyndan saglyk ätiýaçlyk pasportlaryna goýuljakdygy anyk däl diýip, pensionerler aýdýarlar.

“Bu barada bank şahamçalarynda pul berýän kassirlerden soranymyzda, belli jogap alyp bilmedik. Heniz belli zat aýdanoklar, geljek aýa çenli bellisi bolar” diýip, jogap berýändiklerini hem Maral daýza aýdýar.

XS
SM
MD
LG