Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin prawoslaw hristiýanlaryny Roždestwo bilen gutlady


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin prawoslaw hristiýanlaryny we ähli russiýalylary, Ýuliýan kalendary boýunça bellenilýän, Roždestwo baýramy bilen gutlady.

Kremliň metbugat-edarasynyň ýaýradan beýanatynda Putiniň Roždestwonyň “millionlarça ynanýanlara şatlyk we umyt getirýändigi” barada aýdan sözleri getirilýär.

Putin gutlagynda Prawoslaw Hristiýan Kilisesiniň “jemgyýetde ahlak pikirleri ornaşdyrmakda, ýetişip gelýän nesili terbiýelemekde we sosýal meseleleri çözmekde uly goşant goşandygyny” hem belledi.

Bu gün Russiýada, Belarusda, Müsürde, Efiopiýada, Gürjüstanda, Gazagystanda, Mekedoniýada, Moldowada, Montenegroda, Serbiýada we Ukrainada milli baýramçylykdyr. Ermenistanyň Prawoslaw Kilisesi Roždestwony 6-njy ýanwarda belledi.

XS
SM
MD
LG