Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz hökümeti 370 magdançynyň işden boşadylmagynyň sebäbini öwrenýär


Hytaýyň “Full Gold Mining” kompaniýasynyň we profsoýuzlaryň arasyndaky gepleşikler, 1-nji ýanwar, 2018/

Gyrgyzystanyň hökümeti Hytaýyň “Full Gold Mining” kompaniýasynyň 370 magdançysyny işden boşatmak baradaky karary barada jikme-jik maglumat berilmegini isleýär.

Senagat, energiýa we mineral resurslar boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy Ulan Ryskulowyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, kompaniýanyň resmileri komitetiň 8-nji ýanwarda geçiren maslahatyna çagyrylypdyr.

Ryskulow gyrgyz magdançylarynyň we tebigaty goraýjylaryň hem maslahata çagyrylandygyny aýtdy.

Hytaýyň “Full Gold Mining kompaniýasy Jalal-Abad regionynda Iştamberdi käninde işleýän 370 sany gyrgyz magdançysyny işden boşadýandygyny 5-nji ýanwarda mälim etdi.

Regional resmileri magdançylaryň öz zähmet haklaryny azalmaga ýol açýan goşmaçalary şertnamalaryna girizmekden ýüz öwrendigini AÝ/AR-na habar beriler.

Hytaýyň kompaniýasy Iştamberdi kömür känini 2011-nji ýyldan bäri dolandyrýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG