Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Öz ýurdumyzda gula öwrüldik”


“Gazanç ýetmän soň, bitmedik jaýlarda oňmaly bolýarys. Gijelerine gaty sowuk bolýar".Daşoguzly gurluşykçynyň ýollan suraty.
“Gazanç ýetmän soň, bitmedik jaýlarda oňmaly bolýarys. Gijelerine gaty sowuk bolýar".Daşoguzly gurluşykçynyň ýollan suraty.

Türkmen hökümeti we mediasy ýurtda giň gerimli, häzirki pursatda bolsa 43 milliard dollarlyk gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny, bularyň ýurduň “bedew bady” bilen ösýändiginiň bir “delili” hökmündegiňden mahabatlandyryp maglumat berýär. Şol bir wagtda, resmi derejede bu desgalarda işleýänleriň zähmet şertleri we bina edilýän jaýlaryň ilata nä derejede elýeterliligi barada dymylýar.

“Aşgbatgurluşyk” edarasynda zähmet çekýän işçileriň biri atlandyrylmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşanda, özleriniň juda ýaramaz şertlerde işledilýändiklerini gürrüň berdi.

“Biz Aşgabadyň demirgazyk-günbataryndaky ‘Täze Zaman’ diýlen jaýlar toplumyny gurýarys. Soňky bir ýyldan bäri iş şertlerimiz gaty ýaramazlaşdy, gula döndük. Günortanlyk naharyň berilmegi goýuldy. Şeýle-de, aýlyk diýen zat doly ýatyryldy. ‘Palan işi etseň, palança töläýäris’ diýip, iş hödürleýärler” diýip, daşoguzly gurluşykçy aýdýar.

Ol şol bir iş üçin berilýän zähmet haklarynyň bir ýylyň dowamynda eýýäm dört esse çemesi azaldylandygyny belledi.

“Başga alajymyz ýok. Näme diýilse razy bolýarys. Bolmasa şu hem ýok” diýip, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan gurluşykçy aýdýar.

Paýtagta Daşoguzdan gelip işleýän gurluşykçy dowamly gazanç çeşmesiniň ýokdugy sebäpli, kireýine jaý tutup bilmän, munuň deregine doly gurlup gutarylmadyk gurluşyk obýektlerinde ýatyp-turmaly bolýandyklaryny-da gürrüň berdi.

“Gazanç ýetmän soň, bitmedik jaýlarda oňmaly bolýarys. Gijelerine gaty sowuk bolýar. Her kimiň ýa böwregi ýa öýkeni sowuklandyr” diýip, 30 ýaşlaryndaky gurluşykçy sözüne goşdy.

Galyberse-de, bu maglumatlar dogrusynda “Aşgbatgurluşyk” edarasyndan we şäher häkimliginden hiç hili maglumat almak başartmady.

Şol bir wagtda, ýaramaz iş şertleri, pes aýlyk bilen paýtagta ýuduň beýleki künjeklerinden gelýän türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri çäklenmeýär.

Ýatladyp geçsek, mundan iki ýyl çemesi ozal prezident “Aşgabat şäherine zähmet işini amala aşyrmaga gelýän şahsy taraplary hasaba almagyň meseleleri hakyndaky” karary kabul etdi.

Karara laýyklykda, “Aşgabat şäherine zähmet işini amala aşyrmaga gelýän, Aşgabat şäherinde ýazga ýa-da bellige alynmadyk Türkmenistanyň raýatlaryny... Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde Aşgabat şäherinde zähmet işini amala aşyrmaga iş rugsatnamasy resmileşdirilenden soňra işe kabul etmäge (özbaşdak iş bilen meşgullanmaga) rugsat bermeli” diýilýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda “Raýatlaryň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine hukugy bardyr” diýilýär.

“Aşgabada girmek üçin, daşary bir ýurda wiza alana döndi. Öz ýaşaýan ýerimizde iş bolsa, bizem maşgalamyzy, bala-çagamyzy taşlap gaýtmazdyk. Öz ýurdumyzda gula döndük, hökümet diýilýän ilatyna eýe çykmazmy?! Indi daşary çykaýmasak, başga alajymyz galmady” diýip, daşoguzly gurluşykçy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG